Sepleriň elýeterliligi

Tunisde geçirilen saýlawlara gowy baha berilýär


Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň synçylary Tunisde geçirilen parlament saýlawlaryna açyk we aýdyň saýlawlar hökmünde baha berdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň synçylarynyň bu baradaky resmi beýanatynda Tunisde ýekşenbe güni ses berijileriň 97 prosentiniň gatnaşmagynda geçirilen bu saýlawlardan synçylaryň hoşaldyklary bellenilýär.

Tunisde köppartiýalylyk sistemasyna esaslanylyp geçirilen bu ilkinji saýlawlaryň gutarnykly netijesi şu gün giçlik yglan ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG