Sepleriň elýeterliligi

«Gün» neşirýaty žurnalist Ýazgulyýewi sylaglady


Şwesiýada neşir işlerini alyp barýan «Gün» neşirýaty özüniň ýakynda geçiren edebi bäsleşiginiň baş baýragyny ýakynda Türkmenistanda türme tussaglygyna höküm edilen žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewe bermekligi karar edendigini mälim etdi.

Türkmenistanyň milli garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan we «Dogduk topragyň howandary-2011» ady bilen gurnalan bu bäsleşik türkmen dilinde ýazylan proza we poeziýa eserleriniň arasynda geçirildi.

«Gün» neşirýatynyň baş redaktory, ýazyjy Akmuhammet Welsapar bäsleşigiň baş baýragyny žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewe bermek barada gelnen bu karary onuň edebi we žurnalistik işi hem-de görkezen professional gaýduwsyzlygy bilen baglanyşdyrdy.
XS
SM
MD
LG