Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň gahrymany» diýen at dakyldy


Sişenbe güni Aşgabatda geçirilen nobatdaky Ýaşulular maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň gahrymany» diýen belent at dakyldy.

Daşary ýurt habar agentlikleri bu baradaky kararyň Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilendigini habar berýärler. Emma Türkmenistanyň resmi habar agentligi häzirlikçe bu barada hiç hili maglumat ýaýratmady.

Bu wakanyň öňýany, duşenbe güni Aşgabatda täze gurlan maslahatlar Köşgüniň açylyş dabarasy boldy. Esasy binasy baş gatdan ybarat bolan bu uly köşgüň maslahatlar zaly üç müň adam üçin niýetlenen.

Köşgüň açylyş dabarasyna gatnaşan prezident G.Berdimuhamedow bu dabaranyň yzýany täze köşkde ilkinji hökümet maslahatyny-da geçirdi.

Ondan soň, döwlet lideri Aşgabatdaky «Mekan» köşgünde dünýä türkmenleriniň Gumanitar birleşiginiň 14-nji maslahatyna gatnaşdy. Bu maslahata duşenbe güni dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan türkmen diasporalarynyň wekilleriniň gatnaşandyklary habar berilýär.
XS
SM
MD
LG