Sepleriň elýeterliligi

Klinton Merkezi Aziýada: real syýasat bilen hukugyň arasyndaky deňagramlygyň gözlegi


Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow (çepde) we Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton, Daşkent, 22-nji oktýabr.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow (çepde) we Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton, Daşkent, 22-nji oktýabr.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň şu hepde Täjigistana we Özbegistana eden saparlary Waşingtonyň bu Merkezi Aziýa ýurtlary bilen öz hyzmatdaşlyklaryny ýakynlaşdyrmaklyga tarap äden bir ädimi hasaplanylýar.

Şol bir wagtyň özünde, bu saparlar Waşingtonyň bu regionda özüne soýuzdaş gazanmak aladalary bilen birlikde, onuň bu ýurtlardaky adam hukuklary baradaky aladalaryny-da görkezdi.

Täjigistan bilen Özbegistan Owganystana ýardam bermek üçin ulanylýan demirgazyk koridorynyň ugrundan ýerleşýärler. Käbir synçylar prezident Obamanyň administrasiýasynyň Merkezi Aziýanyň bu iki ýurdy bilen öz gatnaşyklaryny gowulandyrmaga ýykgyn etmeginiň sebäplerinden biri hökmünde soňky wagtlar Pakistan-Amerikan gatnaşyklarynda dörän sowuklygy görkezýärler.

Şu ýylyň sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary özüniň bu tagallalarynyň çäklerinde Özbegistana girizilen ozalky sanksiýalaryny-da ýatyrýandygyny yglan etdi. Bu sanksiýalary ABŞ-nyň Kongresi 2004-nji ýylda Özbegistandaky adam hukuklarynyň ýaramaz ýagdaýlaryna protest hökmünde girizipdi.

Bu sanksiýalaryň ýatyrylmagyna ynsan hukuklaryny goraýjy köp halkara guramalary uly alada bilen reaksiýa bildirdiler. Ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Right Watch” guramasy bu barada ýaýradan beýanatynda “Özbegistanyň Birleşen Ştatlar üçin strategik partnýory hökmündäki statusy bu ýurduň adam hukuklary babatdaky çakdanaşa ýaramaz görkezijileri bilen bagly aladalary gowşatmaly däldir” diýip nygtapdy.

ABŞ-nyň resmileri Hillari Klintonyň Özbegistana sapary wagty prezident Yslam Karimow bilen geçiren gepleşiginde käbir beýleki meseleler bilen birlikde bu ýurtdaky dini azatlyklar bilen bagly alada döredýän problemalary-da gozgandygyny aýdýarlar.

Adam hukuklary

Ýöne, beýleki tarapdan, Klintonyň Täjigistanyň we Özbegistanyň awtoritar liderleri bilen geçiren bu gepleşikleri synçylaryň arasynda käbir soraglary-da döretdi. Hususan-da, analitikler adam hukuklaryny gödek bozýan bu ýurtlaryň hökümetleri bilen hyzmatdaşlyklar barada söwdalaşýan bir wagtynda ABŞ-nyň hukuk goraýjy ýurt hökmündäki öz moral statusyny näderejede saklap biljekdigi baradaky meseläni gozgaýarlar.

Kolumbiýa uniwersitetine degişli “Harriman” barlaglar institutynyň ylmy işgäri, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Aleksandr Kuleý Özbegistanyň türmelerinde tutuş postsowet ýurtlaryny bilelikde alanyňdakydan hem köp syýasy tussgalaryň, ýagny, 10 müň töweregi syýasy tussagyň oturandygyny aýdyp, Waşingtonyň bu meselede nähili pozisiýany eýeleýändiginiň henizem anyk däldigini öňe sürýär:

—Biz häzir Döwlet sekretary Hillari Klintonyň hereketinden ABŞ-nyň resmileriniň hakykat ýüzünde Özbegistany gutlaýandyklaryny we köpsanly şular ýaly gymmatlyklar boýunça, hamala, göze ilerlikli progresiň bardygy barada gürrüň edýändiklerini görýäris. Şeýlelikde, biz ABŞ-nyň pozisiýasynda biri-birine gabat gelmeýän zatlary görýäris, ýagny, bir tarapdan olar ‘Biz özümiziň ýiti argumentlerimizi tutanýerlilik bilen öňe sürmeli we şeýle-şeýle etmeli’ diýýärler, beýleki tarapdan bolsa ‘Hawa, adam hukuklary sferasynda Özbegistanyň anyk ösüşleri görkezýändigini görýäris’ diýýärler.

Mundan daşary, Aleksandr Kuleý hatda Hillari Klintonyň Özbegistana sapary wagtynda adam hukuklarynyň bozulmalary barada onuň bildiren aladalarynyň-da özbek mediasynda berilmändigini aýdyp, bu aladalardan halkyň hem bihabar galýandygyny nygtady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG