Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň öňki meri Kremliň üstünden düşýär


Uzak wagtlap Moskwanyň meri bolup işlän Ýuriý Lužkow

Uzak wagtlap Moskwanyň meri bolup işlän Ýuriý Lužkow

Uzak wagtlap Moskwanyň meri bolup oturan Ýuriý Lužkow geçen ýylyň sentýabrynda prezident Dmitriý Medwedewiň karary bilen wezipesinden boşadylypdy. Ondan öň Orsýetiň mediasynda Lužkowa garşy uly aýyplamalary bildirýän habarlar efire berlipdi. Mundan ylaýyk bir ýyl öň bolsa Kreml Sergeý Sobyanini Moskwanyň meri edip belledi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti Mumin Şakirowa beren interwýusynda Lužkow geçen tomusda bolup geçen wakalar barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Jenap Lužkow, siziň Moskwanyň meri wezipäňizden boşadylanyňyz bäri dogry bir ýyl geçdi. Şol wakanyň nähili başlandygy barada az-owlak gürrüň beräýseňiz?

Ý.Lužkow: Men prezident administrasiýasy, prezidentiň köpçülikleýin habar serişdeleri boýunça kömekçileri tarapyndan gurnalan birnäçe prowokasiýalardan soň, özümi näme üçin prezident administrasiýasyna çagyrandyklaryna düşündim.

Men prezident administrasiýasynyň başlygy Sergeý Naryşkinden özümi işden boşatmaklarynyň sebäbini soradym. Sebäbi ýok. Ol “Bu prezidentiň karary diýdi”. Men oňa “Sebäbini aýdyň. Men, näme, şäheriň işinde, sosial sistemasynda, şäheri ösdürmek işinde işimi başarmadymmy, ýa moral prinsiplere gabat gelmeýän nähilidir bir jenaýatçylykly iş etdimmi?” diýdim. Ol “Ýok, Ýuriý Mihaýlowiç, siz arzaňyzy tabşyryp, işden gitmeli” diýdi.

Ol “Eger siz wezipäňizden öz islegiňize görä meýletinlik bilen gidýändigiňiz barada arza berseňiz, hemme zat kadaly, ümsüm çözüler” diýdi. Menem oňa “Eger siziň bu teklibiňiz bilen ylalaşmasam näme?” diýdim. Naryşkin ýumşak ses bilen, gözüni başga ýere sowup, “Karar eýýäm kabul edildi. Men size adamkärçilik edip, dyzmaçlyk etmezligi maslahat berýärin” diýdi.

Menem oňa “Beýle hereket meniň etjek hereketim däl. Men hojalykçy adam, men meseläniň sebäbine düşünmeli, soň şol sebäplere görä hereket etmeli bolar…” diýdim. Emma maňa hiç hili sebäbini düşündirmediler. Men soň Naryşkine öz arzamy ýazjakdygymy, ýöne maňa öz doglan günümi bellemäge mümkinçilik bermeklerini haýyş edýändigimi aýtdym. Men bir hepdeden az wagt haýyş etdim, aýyň 17-sinden 21-ne çenli.

Azatlyk Radiosy: Şeýlelikde, siz meýletinlik bilen işden gidýändigiňiz barada arza bermäge razy bolduňyzmy?

Ý.Lužkow: Ýok, men Naryşkine bu ýazyljak zadyň işden gitmek hakyndaky arza bolmajakdygyny, eýsem, munuň maňa garşy günä ýüklemek kampaniýasynyň alnyp barlan döwri barada öz garaýyşlarymy beýan edýän beýannama boljakdygyny aýtdym.

Ol menden bu bolan gürrüňler barada hiç kime hiç zat aýtmazlygy haýyş etdi. Men oňa bu barada hiç hili gürrüň etmezlige söz berdim we sözümde-de durdum. Ol özleri tarapyndan az-owlak puryja beriljekdigini aýtdy.

Men öz doglan günümi özboluşly bir görnüşde bellemeli boldum, sebäbi bu zatlaryň hemmesi özümiň işden boşadylýandygym barada kararyň eýýäm kabul edilendigine göz ýetirmek astynda bolup geçýärdi. Ýagny, men özümiň merlik wezipämde işläp başalym bäri 20 ýyl geçenden soň, wezipämi terk etmelidim.

Meniň üçin bu aýratyn bir tragediýa däldi. Men içki tarapdan muny örän ümsüm kabul etdim. Emma islendik adam üçin munuň dartgynlylyk ýagdaýyndaky ümsümlikdigi düşnükli zatdy.

Men öz beýannamamy ýazmaga oturdym. Elbetde, men bu barada öz aýalyma gürrüň berdim. Ýöne men ondan öz tanyş-bilişlerine bu barada gürrüň bermezligi haýyş etdim. Soň men bu barada öz çagalaryma gürrüň berdim. Biz maşgalamyzda hemişe çagalarymyz bilen maslahatlaşyp, mesele çözýäris. Men muny dogry hasaplaýaryn. Elbetde, öz ähmiýeti boýunça çagalaryň öz ene-atalary bilen bolup geçýän wakalary kabul edişleri ene-atalaryň öz çagalary bilen bolup geçýän wakalary kabul edişlerinden birjik-de pesde durmaýar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Lužkow, siz öz beýanatyňyzda, esasan, nähili meseleleri gozgadyňyz?

Ý.Lužkow: Men beýannama ýazdym, özi-de ony öz elim bilen ýazdym we, her nähili geň bolup görünse-de, oňa soň hiç hili düzediş girizilmedi diýen ýaly. Ol häzir internetde dur, soň ol neşir edildi. Men ony aýalym Lena (Ýelena Baturina) görkezdim.

Meniň bu beýannamam gönümel. Ol birnäçe meselä degip geçýär. Birinji mesele biziň Medwedew bilen ilkinji dawamyza degişli. Men Pozneriň programmasynda Orsýetiň gubernatorlaryny we merlerini saýlamak prosesine dolanyp gelmelidigi barada çykyş edenimden soň, şonuň ertesi güni Medwedew kim bu ýagdaýdan närazy bolsa, ol wezipesinden gidip biler diýdi...

Elbetde, bu meni birneme geň galdyrdy. Ýöne özümiň ozalky beýannamamda-da, soňky beýannamamda-da men ýurtda ýagdaýyň ýaramazdygyny, bizde özara sala salyşmak, diskussiýa etmek diýilýän zadyň ýokdugyny ýazdym.

Döwlet ýolbaşçysynyň “kim nägile bolsa, kim öz garaýşyny aýdýan bolsa, wezipesinden gitsin” diýen ýaly sözleri maňa 1937-nji ýylyň başlangyjyny ýatladýar. 1937-nji ýylda halk genetiki derejede gorkuzylypdy, ol gorky bolsa henizem aýrylyp gidenok. Eger-de ýurduň häkimiýeti şeýle beýanatlar arkaly bu gorkyny has-da artdyrýan bolsa, bu kabul ederlikli ýagdaý däl. Bu meniň beýannamamyň birinji bölegine degişlidi.

Beýannamamyň ikinji bolegi Medwedewiň diktatorçylygy ýatladýan käbir beýleki çykyşlaryny öz içine aldy. Beýannamamyň üçünji bölegi köpçülikleýin habar serişdeleriniň çäklendirilmegi bilen bagly meselä degýärdi. Men şu günki gün, gynansak-da, köpçülikleýin habar serişdeleriniň tas dolulygyna diýen ýaly prezident administrasiýasyna boýun egdirilendigini aýtdym.

Dördünjiden bolsa, men “Lužkowy ýok etmeli” diýen ýaly çagyryşlaryň şu günki gün Nemsow ýaly syýasy sferada işleri ýol almadyk, demagog ruhundaky şahsyýetleriň dilinden eşidilýändigini belledim. Men prezidentiň ikiden birini saýlap biljekdigini, ýagny, onuň dürli hili “nemsowlaryň” çagyryşlaryna boýun bolmaly we şony durmuşa geçirmeli boljakdygyny, ýa-da erkeklerçe hereket etmeli boljakdygyny aýtdym.

Hatymyň soňunda-da, men “Top siziň eliňizde, siz karar çykarmaly. Ýöne men meýletinlik bilen wezipämden çekilýändigim barada hiç hili arza bermekligi göz öňünde tutmaýaryn” diýip ýazdym.
XS
SM
MD
LG