Sepleriň elýeterliligi

“Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Assosiasiýasy” 14-nji maslahatyny geçirdi


24-nji oktýabrda Aşgabatda “Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Assosiasiýasynyň” 14-nji maslahaty geçirildi. Resmi maglumatlara görä, şu ýyl öz 20 ýyllygyny bellän bu guramanyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen bu maslahaty türkmen halkynyň bähbitleri üçin zerur meselelere bagyşlandy.


1991-nji ýylda döredilen “Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Assosiasiýasyna” Türkmenistanyň prezidenti baştutanlyk edýär. Bu gurama 2007-nji ýyldan bäri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hereket edýär.

Berdimuhamedow Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Assosiasiýasynyň 14-nji maslahatynyň gün tertibini kesgitläp, onuň “il-ýurt bähbidi üçin orän möhüm meseleleri maslahatlaşmakdan” ybaratdygyny aýtdy.

Tükmenistanyň prezidentiniň türkmen telewideniýesinde görkezilen bu çykyşy esasan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20-nji ýyl dönümine, taryhyna we “Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Assosiasiýasynyň” halky jebisleşdirmek ugrundaky ähmiýetine bagyşlandy.

Resmi maglumatlara görä, guramanyň maslahatyna Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, milli jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, guramanyň welaýatlardaky we daşary ýurtlardaky bölümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Guramanyň taryhy aýratynlygy

Şu ýylyň maý aýynda 20 ýyllygyny bellän, döwletiň garamagyndaky bu guramanyň öz wagtynda jemgyýetçilik bileleşiginiň ýerine döredilenligini käbir türkmenistanly synçylar aýdýarlar.

Türkmenistanyň içinde hereket edýän “Agzybirlik” halk hereketiniň lideri Nurberdi Nurmämmedow

Türkmenistanyň içinde hereket edýän “Agzybirlik” halk hereketiniň lideri Nurberdi Nurmämmedow

Türkmenistanyň içinde hereket edýän “Agzybirlik” halk hereketiniň lideri Nurberdi Nurmämmedow “Agzybirligiň” “Dünýä Türkmenleriniň Ligasy” atly guramany döretmek baradaky 20 ýyl mundan öňki inisiatiwasy hakda gürrüň berdi:

—1991-nji ýylyň ýazyna çenli “Dünýä Türkmenleriniň Ligasyny” döretmek ideýasy bilen gyzyklanýan adamlar Orsýetiň Stawropol ülkesinde, Täjigistanyň Jyllyköl raýonynda ýaşaýan türkmenler, Germaniýada we Şwesiýada eýranly türkmenler aýry-aýry toparlar görnüşinde jemlenipdi. Şeýle işiň “Agzybirlik” ýaly döwlete degişli bolmadyk syýasy-jemgyýetçilik guramanyň garamagynda bolmagy Saparmyrat Nyýazowy biynjalyk edýärdi. Şu işi “Agzybirlige” etdirmezlik üçin 1991-nji ýylyň maý aýynda ol “Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Assosiasiýasy” adyny göterýän guramany döretdi.

Gumanitar hyzmatdaşlygyň derejesi

Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Assosiasiýasynyň maslahatynda sözlän sözünde Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bilen hyzmatdaşlygynyň “many-mazmun taýdan gün-günden baýlaşýanlygyny” belledi. Muňa garamazdan daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen guramalary ençeme meseleleriň çözülmän galýanlygyny aýdýarlar.

Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Assosiasiýasynyň öňki agzasy, Germaniýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Ýusup Kor

Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Assosiasiýasynyň öňki agzasy, Germaniýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Ýusup Kor

Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Assosiasiýasynyň öňki agzasy, Germaniýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Ýusup Kor daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň Türkmenistana barmagyna degişli kynçylyklary we türkmen hökümetiniň daşary ýurtlardaky türkmenler bilen hyzmatdaşlygynyň häsiýetiniň kesgitsizligi ýaly problemalara ünsi çekdi:

—Türkmen medeniýeti we medeni gatnaşygy nähili bolup biler? Türkmenistan şol meselede daşary ýurtlardaky türkmenlere nähili kömek berip bilýär? Türkmenistan muňa hiç hili üns bermedi.

Türkmen hökümeti bilen gatnaşyk

Türkmen hökümetiniň daşary ýurtlardaky türkmenler bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesi Orsýetdäki käbir tükmen guramalaryny hem kanagatlandyrmaýar.

Şu ýylyň fewral aýynda Orsýetde döredilen we ýakynda resmi derejede hasaba alnan “Orsýetli Türkmenleriň Kongresi” atly umumyorsýet jemgyýetçilik guramasy türkmenleriň Orsýetiň 40-dan gowrak regionynda hereket edýän toparlaryny öz içine alýar.

Guramanyň ýolbaşçylarynyň biri Wasiliý Kriworotenko “Kongresiň” türkmen hakimiýetleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça edýän tagallalarynyň jogapsyz galýanlygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy:

—Biz ençeme gezek Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Moskwadaky ilçihanasyna ýüzlenipdik. Indi bizde hödürleýän tekliplerimizi Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen türkmen hökümetine ýetirmekden başga çäre galmady. Biziň tekliplerimiz gumanitar hyzmatdaşlyga degişli bolup, türkmen-ors gatnaşyklaryna, Ikinji jahan urşuna bagyşlanan proýektlerden, konkurslardan, neşirýat işlerinden we Orsýetde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini dikmek ýaly medeni çärelerden ybarat.

Türkmen hökümetiniň türkmen diasporalary bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmegine owgan türkmenleri hem umyt baglaýarlar. Owganystanyň Milli mejlisiniň ýokarky öýüniň serhetler, tire-taýpalar we bosgunlar boýunça komissiýasynyň başlygy senator Hajybaý Myrat Türkmenistanyň hökümetiniň owgan türkmenleri üçin Saglyk merkezini we mekdep gurmak ýaly çärelerini makullady, emma ol medeni hyzmatdaşlygyň hem ösdüriljegine umyt baglady.

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Assosiasiýasynyň unikal bir guramadygy nygtalýar we dünýäniň 14 ýurdunda onuň 27 bölüminiň iş alyp barýanlygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG