Sepleriň elýeterliligi

logo-print

1,700 adama Türkmenistanyň raýatlygy berler


Türkmenistanyň territoriýasynda hemişelik ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 1,700-e golaýyna Türkmenistanyň raýatlygy berler. Bu baradaky permana sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti gol goýdy.

Permana laýyklykda, türkmen raýatlygyny almaga isleg bilderenleriň dokumentlerini taýýarlamak boýunça işleri dowam etdirmäge degişli döwlet edaralaryna görkezme berildi.

Mundan öň, şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlygy bolmazdan, onuň territoriýasynda mydamalyk ýaşaýan 1,590 adama Türkmenistanyň raýatlygy berlipdi.
XS
SM
MD
LG