Sepleriň elýeterliligi

AI: Siriýada hassalar gynamalara sezewar ediliýär


Siriýada döwletiň gözegçiligindäki keselhanalarda hassalar gynamalara sezewar ediliýär. Bu barada düýbi Londonda ýerleşýän “Amnesty International” guramasy habar berýär.

Guramanyň aýtmagyna görä, Siriýanyň hökümeti keselhanalary prezident Başar al-Assadyň režimine garşy protest edenleriň üstünden “repressiýalary amala aşyrmak üçin” ulanýar.

“Amnesty International” guramasynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça barlagçysy Silina Nasser Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Saglygy saklaýyş ministriligi saglyk işgärlerine we keselhanalara ýaraly adamlar barada resmilere habar bermegi tabşyrdy. Biziň bilşimiz ýaly, bu ýagdaýda ýaraly adamlaryň tussag edilmek howpy bar. Siriýada, köplenç bolşy ýaly, haçan-da biri tussag edilende ol gynamalara sezewar edilýär”.

BMG-niň maglumatlaryna görä, mart aýyndan bäri, howpsuzlyk güýçleriniň protestleri gazaply basyp ýatyryş çärelerinde üç müň töweregi adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG