Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazagystanda 16 müň adam azatlyga çykarylýar


26-njy oktýabrda Gazagystanyň parlamentiniň aşaky palatasynda 16-nji dekabrda belleniljek ýurduň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlap, 16 müň adamyň azatlyga çykarylmagy makullandy.

Amnistiýa baradaky bu karar ýurduň Mejlisinde kabul edilensoň, ol parlamentiň ýokarky palatasy bolan Senata iberildi. Karar Senatda tassyklanandan soň, oňa prezident Nursoltan Nazarbaýewiň gol çekmegine garaşylýar.

Gazagystanyň adalat ministriniň orunbasary Amirhan Amanbaýew amnistiýa agyr bolmadyk jenaýatçylykda aýyplanyp, 5 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilenleriň düşendigini mälim etdi.

Amanbaýewiň bellemegine görä, bu çäräniň çäginde esasan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan zenanlar, göwreli aýallar, maýyplar, pensiýa ýaşyna ýeten adamlar azat ediler.

Häzir Gazagystanyň türmelerinde 46 müňe golaý adamyň tussaglykdadygy, ýene takmynan 6,600 adamyň derňew izolýatorlarynda saklanýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG