Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň hökümeti daşary ýurtlardan kömek sorady


Türkiýe ýurduň günorta-gündogar raýonynda ýekşenbe güni ýüz beren ýer yranmadan soňky işler üçin halkara kömegine mätäçdigini mälim etdi.

Ýerli metbugatda berlen maglumatlara görä, ýurduň resmileri kömek sorap 30-a golaý ýurda ýüz tutupdyrlar. Olaryň arasynda Ysraýylyň hem bardygy habar berilýär.

Ýekşenbe güni Türkiýäniň Wan welaýatynda Rihter ölçeginde 7,2 ball güýji bolan ýer yranmasy bu regionda uly ýykan-ýumrançylyklary döretdi.

Bu tebigy betbagtçylyk häzirlikçe 460-a golaý adamyň ölümine sebäp boldy. 2000-den gowrak öýüň ýumrulandygy habar berilýär.

Türkiýäniň resmileriniň beren maglumatlaryna görä, çarşenbe güni ýene iki sany ýaş oglan-gyz halas edilipdir.

Betbagtçylyk ýüze çykan ýerleriň ýaşaýjylary häkimiýetleriň haýal hereket edýändigini aýdyp, bu ýagdaýa nägilelik bildirýärler.

Wan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Ataý Uslu 25-nji oktýabrda “Roýter” habar gullugyna şeýle diýdi: “Ýer yranmadan ejir çekenlere egin-eşik ýetmezçilik edýär. Olary wagtlaýyn ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmekde kynçylyk çekýäris. Biz olara kömek etmek üçin elimizden geleni edýäris. Häzirlikçe Wan welaýatyna 14 müň çadyr iberildi”.

Çarşenbe güni Wan welaýatynda ýerleşýän türmäniň tussaglarynyň aýaga galandyklary habar berildi. Bu proteste güýçli ýer yranmasyndan soň türme ýolbaşçylarynyň tussaglary has howpsuz ýere göçürmekden ýüz öwürmekleri sebäp bolupdyr.
XS
SM
MD
LG