Sepleriň elýeterliligi

Dünýäde ilat sanynyň 7 milliarda ýetmegine garaşylýar


BMG-niň çarşenbe güni ýaýradan hasabatynda 2100–nji ýyla çenli dünýäniň ilat sanynyň 10 milliarda ýetjekdigi çaklanylýar. Ýakyn geljekde, 31-nji oktýabrda bolsa 7 milliardynjy adamyň dogulmagyna garşylýar.

Hasabatda berlen maglumata görä, häzir çaga dogurmaklygyň derejesi pese gaçypdyr. Mysal üçin, 1950-nji ýyllarda her aýalyň ortaça 6 çagasy bolan bolsa, häzir bu san takmynan üç esse peseldi diýlip, hasabatda aýdylýar.

BMG-niň beren maglumatlarynda dünýäde 25-e ýetmedik adamlaryň sanynyň jemi ilat sanynyň 43%-ni tutýandygy görkezilýär.

Hasabatda häzir ýaşy 60-dan geçen adamlaryň sanynyň 900 milliona golaýdygy bellenip, bu sanyň 2050-nji ýyla çenli iki ýarym milliarda çenli ösmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG