Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap Ligasynyň delegasiýasy Damaska bardy


26-nji oktýabrda Siriýanyň häkimiýetleri bilen oppozisiýasynyň arasynda barşylyk prosesini ýola goýmaga synanyşmak maksady bilen birnäçe arap ýurdunyň daşary işler ministrlerinden ybarat resmi delegasiýa Damaska bardy.

Kataryň premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky bu delegasiýa çarşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşyp, gepleşik geçirdi.

Şol bir wagtda-da, çarşenbe güni Siriýada protestçilerden ýene 13 adamyň öldürilendigi habar berildi.

Arap Ligasy tarapyndan Siriýanyň resmileriniň we oppozisiýasynyň arasynda dialog geçirmek baradaky öňe sürlen teklip entek hiç bir tarapyň goldawyny tapmady.

Ýurduň resmileri prezident Assada garşy dildüwşügiň gurnalýandygyny aýdýarlar. Ýurduň oppozisiýasy bolsa prezident Assad wezipesinden çekilmese, häkimiýetler bilen gepleşik geçirmejekdigini aýdýar.

BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň mart aýynda Siriýada başlanan protestlerde üç müňden gowrak adam heläk bolupdyr. Olaryň köpüsiniň asuda ýaşaýjylardygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG