Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestina-Ysraýyl ýaraşyk gepleşiklerini dikeldip bolmady


Ýakyn Gündogar boýunça parahatçylyk gepleşiklerini alyp barýan “dörtlügiň” Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky togtan ýaraşyk gepleşiklerini dikeltmek boýunça synanşygy şowsuz boldy.

“Dörtlük” – ABŞ, BMG, ÝB we Orsýet çarşenbe güni taraplaryň her biri bilen aýra-aýralykda Ramallahda we Ierusalimde duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň netijsesinde öňegidişligiň gazanylandygy barada habar berilmedi.

Palestina awtonomiýasynyň wekili Saeb Erakatyň aýtmagyna görä, Palestina parahatçylyk gepleşiklerine täzeden başlamazdan ozal Ysraýyl gurluşyk işlerini togtatmaly we gepleşikleriň wagt çäklendirmeleri boýunça ylalaşyga gelmeli.

Emma Ysraýylyň premýer-ministriniň wekiliniň bellemegine görä, ýewreý döwleti öňünden haýsydyr bir şertiň goýulmagyny ret edýär.
XS
SM
MD
LG