Sepleriň elýeterliligi

Türkmen hudožnigi Mommak Kuly bilen söhbet


Mommak Kulynyň “Dört awtoportretim türkmen taryhynda” atly eseri

Mommak Kulynyň “Dört awtoportretim türkmen taryhynda” atly eseri

Mommak Kuly soňky ýyllarda Günbatarda iň öndümli işleýän türkmen hudožniklerinden biri. Ol döredijilik erkinligini isläp, 90-njy ýyllaryň ortalarynda ýurtdan çykdy hem Germaniýanyň Mýunhen şäherinde ýerleşdi. Bu ýerde ençeme halkara sergilerine gatnaşdy. Onuň çeken işleri halkara diplomlaryna mynasyp boldy. Ol ýakynda Gazagystanyň Sungat akademiýasynyň hormatly agzalygyna kabul edildi.

Ýazyjy Hudaýberdi Hally bu belli suratkeş bilen gürrüňdeş boldy.

H. Hally: Mommak, Türkmenistanda ýurduň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Sen şu baýramçylyga niýetläp aýratyn bir iş döretdiňmi?

Mommak Kuly: Bar eserlerim türkmene bagyşlanyp edilen zatlar. Edil şu garaşsyzlyga diýip eden zadym-a ýok. Ýöne aslynda sungat bir garaşsyz zat. Sungat iň azat zat.

H. Hally: Onda-da aýratyn bir Watan temasy bolýar ahyryn!

Mommak Kuly: Dogry, awtoportretim bar. Ony “Dört awtoportretim türkmen taryhynda” diýip atlandyrdym. Ol bir dörde bölünen ulurak kartina. Birinji bölekde bütin figuram bilen men pikir edip durun. Arka tarapynda Oguz han otyr, alty ogly bilen. Onuň öňünde-de basyp alan ýerleriniň patyşalary çöküne düşüp durlar. Olaryň arkasynda-da Abyl Gazynyň “Şejereýi teräkime” eseri jezitçe ýazylan. Oňa konseptualizm diýilýär. Ikinji bölekde edil şol kartina, ýöne meniň üçden bir bölegim görünýär. Üçünjide men ýarty. Dördünjide hem edil şol kartina ýöne men bir gara çyzyk. Meniň aýtjak bolan zadym, geçmişiňi, taryhyňy bilseň, sen bir doly adam. Azrak bilseň, sen bir azrak adam, öz taryhyňy bilmeseňem, sen bir kölege, diňe gara çyzyk. Şol kartina üçin maňa “Ýylyň iň gowy kartinasy” diýen baýragy berdiler.

H. Hally: Seniň eserleriň modern sungat bolsa-da, ol ýerde Watanyň şekilleri bar. Ýurtdan çykyp gaýdanyňa-da ep-esli ýyl boldy.

Mommak Kuly: Söýgi diýilýän hiç wagt öçmez, onda-da Watan söýgisi. Men Aýyň üstünde bolsamam, Türkmenistany ýadymdan çykarman. Türkmenistan meniň ata Watanym. Hawa, ine, oglum Kerim jan dokuz ýaşynda Watandan çykyp gaýtdy. Şu wagta çenlem ol köçelerem ýatlaýar, adamlary ýatlaýar. Ýadyna düşüp, ýüregi yzyna gaýtmagy isleýär-dä.

H. Hally: Şu wagt saňa Türkmenistana gaýtmaga şert dörese, eliň boş barmarsyň-a? Eltere zadyň barmy?

Mommak Kuly: Öýümiň içi suratdan, eden işlerimden doly. Asyl goýara ýer ýok. Hudaýa şükür, men gaty öndümli işleýän.

H. Hally: Watan hem Watanyň garaşsyz bolmagynyň sungata täsiri barmy?

Mommak Kuly: Wah, oňa men takyk jogab-a berip biljek däl, ýöne her niçik şertde-de, eger halk azam bolsa, köpem bolsa, öz sungaty bar. Ine, türkmen halky hakynda aýdylanda, olar dürli milletleriň arasynda oturybam, halk şunça ýyllap ene dilini saklapdyr, geýim-eşiklerini, nagyşlaryny, keşdelerini, halylaryny saklapdyr. Türkmenler arhitektura ugrundanam beýleki halklardan birneme üýtgeşigräk.

Şol wagtyň özünde-de beýleki milletlerem pese düşürip biljek däl. Her kimiň öz bir sungaty bar. Häzirki wagtda garaşsyz döwleti ýok hasaplanýan uýgurlardan men köp hudožnigi tanaýan. Olardan biri bilen men Mýunhende hem Berlinde sergilere gatnaşdym. Ol gaty gowy hudožnik.

H. Hally: Söhbetimiň aralygynda öz terjimehalyňy aýdyp berseň, gowy bolardy.

Mommak Kuly: Men 1949-njy ýylyň 2-nji aprelinde, ýer yranmadan soň doguldym. Bu bir gynançly taryh. Sebäbi meniň kakam hem iki sany aýal doganymy ýer basýar. Menem ejemiň göwresinde. Ejem täzeden durmuşa çykýar. Ol bir örän medeniýetli, bir intellektual adam bolmaly. Maňa uly terbiýe berdi. Men onuň öz kakam däldigini 8-nji klasy gutaryp, attestat alanymda bildim. Aý, näme, bu bir takdyr. Elbetde, ykbal diýilýän zat, kimiň ykbalyny diňleseň, gaty gyzykly hem täsin. Olarda her hili tragiki ýa-da bagtly wagtlar gabat gelýär. Hawa, men Aşgabadyň 9-njy orta mekdebini tamamladym. Soňra 1963-68-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik uçilişesinde okadym. Galan ömrüm hudožnikleriň Çeperçilik birleşgi bilen baglanyşykly. Ol biziň öýümiz diýen ýaly. Asyl ol öýümiz boldy. Bar hudožniklerem doganlarymyz.

H. Hally: Mommak ýene sungat hem Watan meselesine gelsek, seniň eserleriň abstrakt häsiýetli. Sen modern sungat döredýäň. Synçylar, seniň işleriňi satyn almak isleýänler hem tomaşaçylar ol işlerden Türkmenistanyň şekilini görüp bilýärlermi?

Mommak Kuly: Elbetde, ol synçylar Türkmenistany bilýärler diýsem-ä men ýalňyşaryn. Sebäbi käbiri Merkezi Aziýanyň niredediginem bilenok. Ýöne sungaty gowy görýän adamlar meniň işlerimi synlap, onuň haýsy topraga degişlidigi, ol medeniýet, taryh hakynda soraýarlar, bu barada uly-uly gürrüňler bolýar. Şonda, aýdaly, men türkmen halylary barada aýtsam, olar “bu Buhara halysy” diýýärler. Men şonda olara näme üçin “Buhara halysy” diýilmeginiň sebäbini aýdyp berýän. Bu halylar Buharada, uly bazarlarda satyn alynýan ekeni. Buhara biziň sebitimizde iň uly şäher bolupdyr. Şonuň üçin türkmen halylaryna-da “Buhara halylary” diýlipdir. Onsoň meniň saýlaýan reňklerimiň türkmen medeniýetine gabat gelşi hakynda aýdyp berýän. Men muny her sergide ýüz çemesi adama düşündirmeli bolýan. Men Türkmenistany az-owlak tanadýanyma begenip ýörün.

H. Hally: Häzir şu günki günlerde iş nähili barýar, Mommak?

Mommak Kuly: Hudaýa şükür, “Yhlasa – myrat” diýlişi ýaly, yhlas edýän. Ýöne sag golum birneme titreýär. Çep golumyň kömegi bilen işleýän.

H. Hally: Nähili sergileriň guruljak?

Mommak Kuly: Şu ýyl Mýunhende iki sergim bolmaly. Ýene bir hoş habar: golaýda meni Gazagystanyň Sungat akademiýasynyň hormatly agzalygyna kabul etdiler hem diplom beridler.

H. Hally: Bu şatlykly habar. Sen eserleriňi ýurduň daşynda döredýäň. Häzir seniň eserleriňe hyrydarlaram ýurduň daşyndaky adamlar. Şeýle-de bolsa, seniň işiň, seniň hyzmatyň Türkmenistanyň milli medeniýetiniň ösmegine azda-kände täsir eder diýip umyt edýäňmi?

Mommak Kuly: Elbetde, ony umyt etmesem, men sungaty taşlaýmaly. Men sungaty diňe şonuň üçin edýän. Meniň sungatym hemişe Türkmenistan bilen baglanyşykly.

H. Hally: Garaşsyzlyk baýramy bilen baglanyşykly türkmen halkyna etjek arzuw-islegiň barmy?

Mommak Kuly: Bar. Erkinlik, Garaşsyzlyk bir uly bagt. Ol milletiň uly arzuwy. Türkmen halkyna uly bagt, agzybirlik, jan saglygy bilen asuda asmanyň aşagynda, uruş-sögüşsiz uzak ömür sürmegi arzuw edýärin.
XS
SM
MD
LG