Sepleriň elýeterliligi

Saýlawlaryň öňüsyrasynda Oşdaky ýagdaý alada döredýär


Polisiýanyň ofiseri Gyrgyzystanyň Oş şäherinde gözegçilik mahalynda, 27-nji oktýabr.

Polisiýanyň ofiseri Gyrgyzystanyň Oş şäherinde gözegçilik mahalynda, 27-nji oktýabr.

30-njy oktýabrda Gyrgyzystanda geçiriljek prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda öten ýyl elhenç etniki konflikt bolan Oşda dartgynly ýagdaý döredi. Gyrgyzystanyň hukuk goraýjy organlarynyň işgärleri saýlawlaryň öň ýanynda saýlaw kampaniýasy bilen bagly administratiw resurslaryň ulanylmagy nägileligiň döremegine getirip biler diýip çaklaýarlar.


Oş welaýaty bilen Özbegistanyň arasyndaky barlag nokady 18 aýdan soň, 26-njy oktýabrda gaýtadan açyldy. Bu barlag nokadynyň ýapylmagyna geçen ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanyň günortasynda ýüze çykan etniki konfliktler sebäp bolupdy.

Häzir, Gyrgyzystanda prezident saýlawlarynyň geçirilmegine sanlyja gün galanda, bu regionda gaýtadan dartgynly ýagdaýyň emele gelendigi habar berilýar.

"Asudalyga aldanmaly däl"

Ýakynda Oş welaýatynyň häkimliginde geçirilen maslahatda Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň welaýat bölüminiň ýolbaşçysy Abdrazak Dunaýew çykyş edip, welaýatdaky ýagdaýyň göräýmäge asudalygyna aldanmaly däldigini aýtdy:

—Oşdaky ýagdaýyň asuda bolup görünmegine aldanmaly däl. Sebäbi häzir dürli güýçler aktiwleşdi, şol sanda ekstremistik meýilli dini toparlar oýanyp başlady. Olar öz maksatlaryna ýetmek üçin elden gelenini etmäge taýýardyrlar.
Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň Oş şäher bölüminiň ýolbaşçysy Marat Orozbaýewiň çaklamagyna görä, welaýatdaky ýagdaýyň saýlawlardan soň has hem dartgynlaşmagy ähtimal:

—Bize gowşan maglumatlara görä, saýlawlara gatnaşýan kandidatlaryň käbirleriniň, bu saýlawlaryň netijelerinden nägile bolan halatynda, Oşda durnuksyzlygy döretmäge synanyşmaklary mümkin. Ýagny, saýlawlaryň netijesi belli bolanda, olaryň herekete geçmekleri gaty ähtimal.

Ýerli synçylar, Orozbaýewiň bu sözleriniň ýurduň öňki premýer-ministri Almazbek Atambaýewe degişlidigini belleýärler. Gyrgyzystanyň demirgazygynda önüp-ösen Atambaýew Gyrgyzystanyň häzirki prezidenti Roza Otunbaýewanyň ýarany hasaplanýar.

Bu saýlawlarda Atambaýewiň esasy garşydaşlarynyň ýurduň günortasyndan çykan dalaşgärleriň boljakdygy çaklanýar. Almazbek Atambaýewe garşy durup biljek kandidatlaryň biri hem “Ata Jurt” partiýasynyň lideri Kamçybek Taşyýew hasaplanýar.

Haýbatlar

Oş şäheriniň ýaşaýjylary, hususan-da milleti özbek bolan ýaşaýjylaryň käbirleri, özleriniň ýanyna daýaw ýigitleriň gelip, Atambaýewe ses bermeklerini soranlyklaryny gürrüň berdiler. Olaryň biri, Oş şäheriniň ýaşaýjysy Adylžan Karimow şol daýaw ýigitleriň, eger Atambaýewe ses bermeseňiz, siziň howpsulygyňyza kepil geçip bilmeris diýendiklerini eşidendigini aýtdy.

Oş şäheriniň häkimi Melis Myrzakmatow saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilýän agitasion çärelere býujetiň serişdelerini ulanan resmileri jogapkärçilige çekmäge çagyrdy:

—Men iýun aýynda bolan konfliktiň öň ýany howply ýagdaýyň dörändigi barada duýduryşym ýaly, häzir hem duýdurýaryn. Siz daşardan geljek terrorçylardan gorkmaň, içimizde gezip ýörenlerden howatyrlanyň. Iň uly howp şolardan abanýar. Hut şol adamlar administratiw resurslardan peýdalanyp, adamlary gorkuzyp, durnuksyzlygy ornaşdyrmaga çalyşýarlar. Olaryň jenaýatçylykly hereketleri gaýtadan bidüzgünçilikleriň döremegine getirip biler. Saýlawlarda galplyga ýol berilse, halk gaýtadan aýaga galar. Şonda dürli çaknyşyklar, şol sanda etniki konfliktler hem ýüze çykyp biler.

Gyrgyz resmileriniň beren maglumatlaryna görä, Oş, Batken hem Jelal-Abad welaýatlarynda hukuk goraýjy organlar ýokary hüşgärlik ýagdaýynda iş alyp barýarlar. Bu welaýatlarda 1,177 saýlaw bölümi ýerleşdirildi.

Gyrgyzystanyň Içeri işler minisrliginiň ýokary derejeli resmisi Kursan Asanow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde: “Saýlawlar geçiriljek döwürde ýurduň Içeri işler ministrliginiň esasy maksady her bir raýatyň howpsuzlygyny üpjün etmekden ybarat bolar” diýdi.

Geçen ýyl etniki özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda turan “iýun wakalary” diýlip atlandyrylan etniki çaknykşyklarda 470 adam heläk bolup, ýüzlerçe öýler ýykylypdy we dargadylypdy.
XS
SM
MD
LG