Sepleriň elýeterliligi

46 ýurduň raýatlaryna Gyrgyzystana wizasyz barmaga rugsat ediler


Gyrgyz hökümeti 46 ýurduň raýatlaryna Gyrgyzystanyň çäginde üç aýa çenli wizasyz galmaga rugsat bermek baradaky karary kabul etdi.

Gyrgyzystanyň ykdysady ösüş boýunça ministri Uçgun Taşbaýew wizasyz režimiň girizilmeginiň uzak möhletleýin perspektiwada ýurda goşmaça girdeji getirjekdigini nygtady.

Ýurduň premýer-ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Omurbek Babanow wizasyz režimiň girizilmegi netijesinde başda döwlet býujetine bir ýarym million dollara golaý az serişde düşer diýýär.

“Emma geljekde bu wizasyz düzgün ýurda has köp inwestisiýa çekip, gyrgyz telekeçileriniň işini ösdürer, netijede olaryň girdejisi artyp, býujete tölenjek salgydyň möçberi artar” diýip, Omurbek Babanow belledi.

Gyrgyzystana wizasyz girmäge rugsat ediljek ýurtlaryň Günorta hem Demirgazyk Amerikada, Aziýada hem Ýewropada ýerleşýändigi maglumatda bellenilýär.

Bu kararyň güýje girjek wagty barada entek anyk maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG