Sepleriň elýeterliligi

Kandagarda NATO-nyň harby-graždan bazasyna hüjüm edildi


Owgan polisiýasynyň beren maglumatyna görä, NATO-nyň Kandagarda ýerleşýän harby-graždan bazasyna edilen hüjümde iki adam heläk bolup, ikisi ýaralanypdyr.

Bu wakada ölenleriň ikisiniň hem hüjümçileriň tarapyndandygy habar berilýär. Ýaralananlaryň biri daşary ýurtly spesialist, beýlekisi bolsa owgan esgeri.

Bazanyň golaýynda mina ýüklenen iki motosikl we içinde partlaýjy madda bolan mikroawtobus tapylypdyr.

Maglumatlara görä, bu hüjüm bazada Kandagar welaýatynyň häkiminiň we regional howpsuzlyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirilen mahaly amala aşyrylypdyr.

Bu bazada Kandagar welaýatynda harbylar bilen bilelikde dikeldiş işlerini geçirýän hünärmenleriň bir toparynyň ýerleşdirilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG