Sepleriň elýeterliligi

Saharow baýragy bäş arap aktiwistine berildi


2011-nji ýyl boýunça Andreý Saharow adyndaky baýraga bäş sany arap aktiwisti mynasyp boldy. Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Žerzi Buzek bu bäş laureatyň öz ýurtlaryndaky ýagdaýy özgertmek ugrunda alnyp barylýan göreşiň simwoly hökmünde tanalýandyklaryny aýtdy.

Laureatlar - Tunisde özüni otlap, protestlere itergi beren merhum Mohammed Bouazizi, müsürli aktiwist zenan, Kairdäki demonstrasiýalaryň gurnalmagyna aktiw gatnaşan Asmaa Mahfouz, liwiýaly dissident, ömrüniň 30 ýylyny tussaglykda geçiren Ahmed as-Sanusi, siriýaly ýurist hem hukuk goraýjy aktiwist zenan Razan Zeýtune we Siriýada oppozision hereketi üçin rehimsizlik bilen urlup-ýenjilen karikaturaçy Ali Farzat.

Ýewropa Parlamenti tarapyndan döredilen Andreý Saharowyň adyny göterýän baýrak 1988-nji ýyldan bäri adam hukuklary üçin göreşe goşant goşan adamlara berilýär. Laureatlara 50 müň ýewro barabar pul baýragy hem gowşurylýar.

Geçen ýyllar Saharow adyndaky baýraga Günorta Afrika respublikasynyň öňki prezidenti Nelson Mandela, Birmadaky oppozisiýanyň lideri Aun San Su Ji, kubaly dissidentler, düýbi Orsýetde ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Memorial” guramasy we beýlekiler mynasyp bolupdylar.
XS
SM
MD
LG