Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli türkmenler Türkmenistanyň garaşsyzlyk baýramyny belleýär


27-nji oktýabrda Orsýet Federasiýasynda hereket edýän türkmenleriň jemgyýetçilik bileleşikleri Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlap, maslahat geçirdi.

Guramaçylaryň ýaýradan resmi beýannamasynda maslahatyň gün tertibinde Türkmenistanyň garaşsyzlygyna we Türkmenistan-Orsýet hyzmatdaşlygyna degişli meselelere garalýandygy aýdylýar.

Bu çäre Moskwanyň Parahatçylyk we Ylalaşyk Federasiýasy, Türkmenistan bilen dostluk, medeni we işewür aragatnaşyklar boýunça jemgyýet, “Mužestwo i Gumanizm” atly halkara bileleşigi, Orsýetdäki türkmenleriň kongresi we Türkmen medeniýetiniň Moskwadaky jemgyýeti ýaly guramalar tarapyndan gurnaldy.
XS
SM
MD
LG