Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garward unwersitetinde “Türkmen medeni agşamy“ geçiriler


Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, 28-nji oktýabrda Birleşen Ştatlaryň Garward uniwersitetiniň Orsýet we Ýewraziýa boýunça Deýwis ylmy-barlaglar merkezinde medeni agşam geçirilýär.

Boston şäherinde geçirilýän “Türkmen medeni agşamyny” gurnamaga ABŞ-da ýerleşýän “Türkmen ýaşlary we jemgyýetçilik gymmatlyklary fondunyň” goşant goşandygy habar berilýär.

Medeni agşama gatnaşyjylara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagamlary hödürlener. Onuň dowamynda aýdym-saz programmalarynyň hem görkeziljekdigi habar berilýär. Çäre jemgyýetçilige açyk bolar.
XS
SM
MD
LG