Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede heläk bolanlaryň sany 570-e ýetdi


Türkiýede geçen ýekşenbe güni ýüz beren ýer yranmada pida bolanlaryň sany kem-kem artýar.

Türkiýäniň hökümet resmileri şu günki gün bu tebigy heläkçilikde ölenleriň sanynyň 570-e ýetendigini aýdýarlar.

Ýekşenbe güni Eýran bilen serhet ýakadaky Wan prowinsiýasynda ýüz beren 7,2 ball ýer yranmasynda müňlerçe jaýlar ýykyldy.

Şu günki güne çenli halas ediş işleriniň barşynda jaýlaryň harabalyklarynyň astyndan 187 adam çykaryldy. Gözleg - halas ediş işleri henizem dowam edýär.
XS
SM
MD
LG