Sepleriň elýeterliligi

Müňlerçe adamlar sil alan Bankogy terk edýärler


Taýlandyň paýtagty Bankokda güýçlenýän sil helkäçiligi zerarly müňlerçe adamlar şäheri terk etmekliklerini dowam etdirýärler.

Taýlandyň sil heläkçiliginden halas ediş merkeziniň metbugat sekretary Tongsong Çandransu paýtagt Bankokda sil suwunyň artmak howpunyň bardygyny aýdyp, ýerli ýaşaýjylaryň meýletinlik bilen şäheri terk etmekleriniň ewakuasiýa işlerini ýeňilleşdirjekdigini nygtady.

Soňky birnäçe gün bäri ýagynyň güýçlenmegi zerarly Bankok şäheriniň golaýyndaky Çao Praýa derýasynyň agmak howpy has-da güýçlendi.

Soňky birnäçe hepde bäri Bankokda dowam edýän sil heläkçiliginde 300-den gowrak adam öldi.
XS
SM
MD
LG