Sepleriň elýeterliligi

Sarkozi: Gresiýanyň ýewro zonasyna alynmagy «ýalňyşlykdy»


Anna güni Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi 2001-nji ýylda Gresiýanyň ýewro zonasyna kabul edilmeginiň «ýalňyş» bir waka bolandygyny aýdyp, çykyş etdi.

Fransiýanyň telewideniýesine bu barada beren interwýusynda prezident Sarkozi Gresiýanyň şol döwürde «galp ykdysady görkezijiler» bilen ýewro zona goşulandygyny öňe sürdi.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol şu hepdäniň çarşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň defisit problemalary barada kabul eden kararynyň Gresiýany-da býujet defisitinden çykarmaga ýardam eder diýip umyt edýändigini aýtdy.

Şu hepde Brýusselde kabul edilen bu karar Gresiýanyň bergileriniň 50 prosentini geçmekligi göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG