Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Azerbaýjan Türkiýe bilen täze gazgeçiriji gurar


Anna güni Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň başlygy Rownak Abdullaýew öz ýurdunyň Türkiýe bilen bilelikde täze bir gaz geçirijisini gurmaklygy planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

Hususan-da, Rownak Abdullaýew Azerbaýjanyň 2025-nji ýyla çenli ýyllyk öndürýän gazynyň mukdaryny 50 milliard kubometre ýetirmekligi göz öňünde tutýandygyny belledi.

Onuň aýtmagyna görä, bu öndüriljek gazy Türkiýäniň üsti bilen daşarky bazarlara çykarmak üçin ýene-de goşmaça gaz geçirijileri zerur bolar.

Bu beýanatyň öňýany, geçen hepde Azerbaýjan bilen Türkiýe Azerbaýjanyň gazyny Ýewropa eksportirlemek meselesi boýunça möhüm bir ylalaşyga gol çekendiklerini-de yglan edipdiler.
XS
SM
MD
LG