Sepleriň elýeterliligi

ÝB Tunisiň «Ennahda» partiýasyny ýeňşi bilen gutlady


Anna güni Ýewropa Bileleşigi Tunisiň «Ennahda» atly yslamçy partiýasyny geçen ýekşenbe güni geçirilen ilkinji azat saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen gutlady.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat bölüminiň başlygy Katerin Aşton bilen Bileleşigiň giňeldilmek meselesi boýunça komissary Stefan Fuele bu barada bilelikde ýaýradan beýanatlarynda demokratiýa gurmak meselesinde ÝB-niň Tunise hertaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny-da nygtapdyrlar.

Ýekşenbe güni geçirilen parlament saýlawlarynda yslamçy «Ennahda» partiýasy Tunisiň Milli Assambleýasyndaky orunlaryň 41 prosentine eýe bolupdy.
XS
SM
MD
LG