Sepleriň elýeterliligi

Orsýetdäki türkmen diasporasy Garaşsyzlyk baýramyny belledi


Guramaçylar türkmen diaporasynyň soňky döwürde has bütewi we aktiw herekete girişenligini belläp, täze döredilen guramanyň netijeli iş alyp barmaga mümkinçiliginiň bardygyny aýtdylar.

Guramaçylar türkmen diaporasynyň soňky döwürde has bütewi we aktiw herekete girişenligini belläp, täze döredilen guramanyň netijeli iş alyp barmaga mümkinçiliginiň bardygyny aýtdylar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20-nji ýyldönümi Orsýetde hem bellendi. Orsýetde hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň birnäçesi 27-nji oktýabrda Moskwada baýramçylyk mynasybetli maslahat we medeni agşam geçirdi. Maslahatda Garaşsyzlygyň taryhyna, türkmen-ors gatnaşyklaryna degişli temalardan, türkmenleriň gatnaşmagyndaky guramalaryň alyp barýan işlerine degişli çykyşlar edildi.


Türkmenleriň gatnaşmagynda Orsýetde döredilen we resmi hasaba alynan jemgyýetçilik guramalary Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek işine öz goşantlaryny goşmak isleýärler. Bu barada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen duşuşygyň guramaçylary tarapyndan yglan edildi.

Çäre Moskwanyň Parahatçylyk we Ylalaşyk Federasiýasynyň, Türkmenistan bilen dostluk, medeni we işewür aragatnaşyklar boýunça jemgyýetiň, “Mužestwo i Gumanizm” atly halkara bileleşiginiň, “Orsýetdäki türkmenleriň Kongresiniň” we Türkmen medeniýetiniň Moskwadaky jemgyýetiniň guramaçylygynda geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ýakynda resmi hasaba alnan “Orsýetdäki türkmenleriň Kongresi” atly guramanyň birinji maslahaty hem geçirildi. Kongresiň egindeş başlygy, kompozitor Myrat Annamämmedowyň sözlerine görä, guramanyň öz öňünde goýan maksady türkmenleri we Türkmenistan bilen dürli gatnaşyklary bolan adamlary bileleşdirmekden ybarat.

“Orsýetdäki türkmenleriň Kongresi üç gurama tarapyndan, ýagny Türkmenistan bilen dostluk, medeni we işewür aragatnaşyklar boýunça jemgyýet, “Mužestwo i Gumanizm” atly halkara bileleşigi we Türkmen medeniýetiniň Moskwadaky jemgyýeti tarapyndan esaslandyryldy.

Guramanyň ýolbaşçylygynyň düzümine tanymal şahslaryň ençemesi şol sanda Orsýet Federasiýasynyň Türkmenistandaky ozalky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Anatoliý Şelkunow, türkmen hudožnigi Wladimir Artykow, akdemik R.Seyfullaýew we aktrisa Žanna Smilýanskaya girýär.

Mümkinçilikler

Guramaçylar türkmen diaporasynyň soňky döwürde has bütewi we aktiw herekete girişenligini belläp, täze döredilen guramanyň netijeli iş alyp barmaga mümkinçiliginiň bardygyny aýtdylar.

Umumy Orsýet guramasy diýen statusyna eýe bolan kongressiň egindeş başlygy “Rus-türkmen” öýüniň egideş başlygy Wladislaw Nemçinow: “Bu proýektiň örän giň mümkinçilikleri döretmegine garaşylýar. Guramanyň Orsýet Federasiýasynyň 57 regionynda bölümleriniň bolmagy muňa esas döredýär we bu öň görlüp-eşidilmedik ýagdaý bolup durýar” diýdi.

Täze döredilen kongres we onuň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalary hem Orsýetiň, hem-de Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen işleşmek planlaryny yglan edärler. Emma guramaçylar türkmen hakimiýetleri bilen dialogy ýola goýmak boýunça öz insiatiwalarynyň şu çaka çenli başa barmanlygyny Azatlyk Radiosyna aýtdylar. Olaryň sözlerine görä, 27-nji oktýabrda geçirilen bu baýramçylyk agşamyna Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyny hem çagyrylypdyr. Emma çakylyga jogap bolmandyr.

Türkmen diasporasynyň Moskwada geçiren baýramçylyk çäresi pianist Maral Ýagşyýewanyň türkmen studenetleri bilen bilelikde ýerine ýetiren Türkmenistanyň we Orsýetiň gimnleri we türkmen milli sazlary bilen jemlendi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG