Sepleriň elýeterliligi

Türkiýedäki partlamada 1 adam öldi, 10-sy ýaralandy


Şenbe güni Türkiýäniň içeri işler ministri Idris Naim Şahin ýurduň günorta-gündogar raýonynda janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda 1 adam ölüp, 10 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Idris Naim Şahin, hususan-da, bu partlamanyň esasy ilaty kürt ýaşaýjylaryndan durýan Bingol şäheriniň merkezinde amala aşyrylandygyny aýtdy.

Maglumata görä, bu partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr.
XS
SM
MD
LG