Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýadaky çaknyşyklarda azyndan 17 esger öldi


Şenbe güni siriýaly aktiwistler ýurduň Homs şäherinde protestçileriň tarapyna geçen harbylar bilen hökümet güýçleriniň arasynda bolan atyşyklarda azyndan 17 esgeriň ölendigini habar berdiler.

Ýöne bu ölen esgerlerden näçesiniň haýsy topara degişlidigi barada anyk maglumat alynmady.

Mundan daşary, anna güni agşam Homs şäheriniň Bab al-Siba raýonynda bir harby ofiser bilen bilelikde birnäçe esgeriň protestçileriň tarapyna geçendikleri habar berildi.

Bu wakalaryň fonunda şenbe güni Arap Ligasynyň Siriýa meselesi boýunça ýörite komiteti Siriýanyň režimini protestçilere garşy ýarag ulanmaklygy bes etmeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG