Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saraýewo: ABŞ-nyň ilçihanasyna edilen hüjüm derňelýär


Bosniýanyň häkimiýetleri anna güni Saraýewo şäherinde Amerikan ilçihanasyna edilen hüjüm bilen baglanyşykly düýpli derňew işleriniň alnyp barylýandygyny aýdýarlar.

Bosniýanyň resmileri bu işe Serbiýanyň-da ýardam berýändigini mälim etdiler.

Anna güni dini ekstremist diýlip güman edilýän bir ýaragly adam ABŞ-nyň Saraýewodaky ilçihanasyna awtomat ýaragyndan ok atyp, hüjüm etdi.

Bu wakanyň yzýany polisiýa bu hüjüm eden adamy tussag etdi. Onuň Serbiýanyň günortasyndaky Nowi Pazar şäheriniň 23 ýaşly ýaşaýjysy Mewlid Ýasarewiçdigi aýdylýar.

Onuň eden bu hüjüminde azyndan bir polisiýa işgäriniň ýaralanandygy habar berildi.

Şenbe güni irden bu waka bilen baglanyşykly Serbiýada 15 adamyň tussag edilendigi barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG