Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň wekili türkmen parlamentinde duşuşyk geçirdi


Anna güni BMG-niň Bosgunlar baradaky Ýokary komissarlygynyň Merkezi Aziýa regiony boýunça ýörite wekili Saber Azam Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk geçirdi.

Bu duşuşykda BMG-niň wekili Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň dürli strukturalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyklary ösdürmek meseleleri barada türkmen resmileri bilen pikir alyşdy.

Resmi maglumata görä, Mejlisdäki duşuşykda Saber Azam, aýratynam, öz edarasynyň BMG-niň adam hukuklary boýunça konwensiýalarynyň ýerine ýetiriliş meselesinde ozaldan dowam edip gelýän ikiktaraplaýyn hyzmatdaşlyklary has-da ösdürmeklige gyzyklanma bildirýändigini nygtapdyr.
XS
SM
MD
LG