Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzlar täze prezidenti saýlamak üçin ses berdiler


Korrumpirlenen diýlip tanalan prezidentiň häkimiýetden agdarylmagyna sebäp bolan zorlukly protestlerden bir ýarym ýyl geçenden soň, ýekşenbe güni gyrgyz saýlawçylary ýurda indiki alty ýyllykda ýolbaşçylyk etjek täze lideri saýlamak üçin ses berdiler.



Bu saýlawlar Gyrgyzystan üçin möhüm hasaplanýar. Bu ýurduň ýörjen-ýörjen hereket edýän parlamentar demokratiýasynyň geljegi kimiň prezident saýlanjagyna bagly. Parlamentar demokratiýa sistemasy awtoritar dolandyryş usuly agyr basýan Merkezi Aziýa üçin täzelikdir.

Şeýle hem bu saýlawlar ýurduň günortasy bilen demirgazygynyň arasyndaky bölünişikleriň ýitileşen döwrüne gabat geldi. Bu ýagdaý geçen ýyl ýurduň günortasynda bolan çaknyşyklar mahalynda uly adam ýitgilerini we maddy zaýaçylyklary başdan geçiren etniki özbekleriň has hem izolirlenmegine sebäp bolup biljekdi.

Saýlawlaryň netijesi başga ugurlara hem täsir eder. Gyrgyzystan öz territoriýasynda hem Birleşen Ştatlaryň, hem Orsýetiň harby bazalaryny saklaýan ýeke täk ýurtdur. Dalaşgärleriň ençemesi, şol sanda öňde barýan Almazbek Atambaýew bilen seresap gatnaşyk guran Kremliň Moskwa we beýleki post-sowet döwletleri bilen has güýçli söwda we howpsuzlyk hyzmatdaşlyklarynyň hatyrasyna Bişkek Waşingtondan ýüz öwürmäge başlar diýip, umyt edýän bolmagy mümkin.

Saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen sagat 19.00-da ýapyldy. Merkezi saýlaw komissiýasynyň habar bermegine görä, ses berişlige Gyrgyzystanyň hasaba alnan 3 million saýlawçylarynyň ýarsyndan gowragy gatnaşypdyr. Iň ýokary gatnaşyk demirgazykdaky Çuý we Talas regionlarynda boldy, olaryň birinjisinde saýlawçy hökmünde hasaba alnanlaryň 72 prosenti, beýlekisinde bolsa 81 prosenti ses beripdir.

Uly bir zorluklaryň ýa galplyklaryň bolandygy barada habar ýok, emma saýlaw resmileri saýlawçylaryň sanawyndaky ýalňyşlyklar sebäpli ýüzlerçe adamyň ses berip bilmändigini boýun aldylar. Bu ýagdaý oppozision kandidatlaryň saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň gurnalmagy baradaky basyşlaryny güýçlendirip biler.

55 ýaşly öňde baryjy dalaşgär Atambaýew öz ses bermek hukugyny ulanandan soň çykyş edip, özüniň 15 garşydaşyny ýeňmegi üçin gerek bolan köpçüligiň sesini alyp biljegine umyt baglady.

“Hemme zat Hudaýyň elinde. Hudaýyň isleýşi ýaly hem bolar. Emma men bu birinji tapgyrda belli bolar diýip, umyt edýärin. Bu ýagdaý adamlaryň kän bir kösenmezligine getirer. Näme boljagyny görübermeli bolarys” diýip, Atambaýew aýtdy.

Muňa garamazdan, köp adamlar bäsleşik iki hepdäniň dowamynda ikinji tapgyra uzar diýip, çak edýärler. Eger şeýle bolsa, hem Orsýetiň, hem Günbataryň goldawyna eýe bolan aram garaýyşly syýasatçy Atambaýew milletçilige ýykgyn edýän iki sany günortaly dalaşgärleriň biri bilen gidişmeli bolar.

Emma dalaşgärleriň biri, parlamentiň öňki başlygy Adahan Madumarow žurnalistleriň öňünde çykyş edip, özüniň “ýeňiljegine ynanmaýandygyny” aýtdy. Ol bäsleşigiň ikinji tapyryny geçirmeli boljagyny öňe sürdi.

“Biz realist bolmaly. Optimist hem däl, pessimist hem däl, realist bolmaly. Hudaý muny ikinji tapgyra geçirmegi makul görer, men muňa doly ynanýaryn” diýip, Madumarow aýtdy.

Agyr ýol

5,5 milliona golaý ilaty bolan Gyrgyzystan strategiki taýdan möhüm regionda, güýçli goňşularyň arasynda ýerleşýär. Geçen ýyl Bakiýew häkimiýetden agdarylandan iki aý soň ýurduň günortasynda özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda etniki çaknyşyklar ýüze çykyp, şol wakalarda 500-e golaý adam öldi.

Köp adamlar bäsleşigiň ikinji tapgyry täze çaknyşyklara sebäp bolar diýip howatyrlanýarlar.

Madumarow hem, günortaly ikinji dalaşgär, “Ata-Žurt” partiýasynyň parlamentdäki lideri Kamçybek Täşiýew hem islenmeýän netijäniň günortada zorlukly çaknyşyklara sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.



Birnäçe saýlawçylar ses berişliklerde käbir kynçylyklaryň ýüze çykandygyny hem gürrüň berdiler. Ençeme adam saýlawçylaryň sanawynda öz adyny tapyp bilmedi. Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna 80-e golaý adam jaň edip, öz atlaryny saýlawçylaryň ýerli sanawyndan tapyp bilmändiklerini aýtdylar.

“Biz Ak-Žarda ýaşaýarys, bu ýerde dürli ýerlerden gelen adamlar ýaşaýar. Bizi öňünden hasaba aldylar, biziň Keleçek saýlaw uçastogynda ses bermelidigimizi aýtdylar. Biz 20-den gowrak adam bolup, iki sany mikroawtobus tutup geldik. Indem ýerli saýlaw komissiýasy biziň adymyzyň ýokdugyny aýdýar. Biz ses berip bilemzok” diýip, Kümüş Satarowa aýdýar.

Wezipesinden gitmäge taýýarlanýan häzirki prezident Roza Otunbaýewanyň ogly hem saýlawçylaryň sanawyndan öz adyny tapmady. Saýlaw resmileri kemçilikleriň bardygyny boýun aldylar, emma munuň saýlawlaryň netijesine täsir etjek derejede däldigini aýdýarlar.

Emma oppozision dalaşgärler başgaça garaýarlar. Saýlaw uçastoklary ýapylandan soň gurnalan metbugat konferensiýasynda Madumarow we beýleki bäş sany umydygär dalaşgär bulaşyk sanawlar boýunça gaharly çykyş etdiler, saýlawlaryň islendik netijesiniň saýlawçylaryň hakyky isleg-arzuwlaryny görkezip bilmejekdigini bellediler. Olar saýlaw resmileriniň ençemesiniň wezipeden çekilmegini talap etdiler. Bu ýagdaý olara saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň geçirilmegini talap etmäge şert döredip biler.

“Gowy we adalatly lidere” zerurlyk

Bakiýewiň kowulmagyndan soň häkimiýet başyna geçen we ýurduň parlamentar demokratiýa geçmegi boýunça soňky çärelere ýolbaşçylyk eden Otunbaýewa 2011-nji ýylyň aýagyna çenli öz wezipesinde galar. Ol Atambaýewiň ýarany hasaplanýar. Ýekşenbe güni ses berenden soň eden çykyşynda Otunbaýewa premýer-ministriň öz ygtyýarlygyndaky maliýe çeşmelerinden saýlaw maksatlary üçin galp peýdalanandygy barada Täşiýewiň eden şikaýatlaryna degip geçdi.

“Administratiw çeşmelerden galp peýdalanylýandygy ýa saýlawlaryň bar bolan düzgünleri we kanunlary bozýandygy baradaky aýyplamalar esassyzdyr” diýip, Otunbaýewa nygtady.

Şeýle hem Otunbaýewa şu günki ses berişligiň “Bakiýewiň adamlarynyň häkimiýeti täzeden eýelemek üçin edýän soňky synanyşygydygyny” belledi. Bu ýerde Täşiýew we Madumarow barada ýaňzydylýar.

Sesleri satyn almak üçin edilen käbir synanyşyklar barada hem habar berildi. Gyrgyzystanyň içeri işler ministri Zarylbek Rysalyýew Çuý regionynda bir adamyň Madumarowa ses bermekleri üçin saýlawçylara 500 som ($11) hödürläp duran wagty tussag edilendigini Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna aýtdy.

Saýlawlara 600-den gowrak halkara synçylar gözegçilik edýärler. ÝHHG-niň ýolbaşçylygyndaky halkara synçylaryň missiýasy gyrgyz saýlawlary boýunça özüniň ilkinji beýanatyny duşenbe güni öýlän eder.

Günortada Atambaýewi goldamagyna garaşylýan etniki özbekler saýlawlardan çetleşdiriler diýip, ünji edilýärdi. Eurasianet.org neşiriniň Merkezi Aziýa boýunça redaktory Deýwid Trilliň Oşuň golaýynda bolan bir halkara synçynyň öz “Twitter” hasabynda “Madumarowyň özbekleriň gözüni gorkuzmaga synanyşýandygy görnüp dur. Öňümizdäki hepdeleriň dowamynda Atambaýewe ses beren özbekleriň başyna problema gelmegi mümkin” diýip ýazandygyny habar berdi.

Geçen ýylky zorluklaryň merkezi bolan Oşda iki sany özbek zenan özleriniň ses bermäge gatnaşmaklaryna şat bolandyklaryny Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna aýtdylar. Emma olar kim üçin ses berendiklerini aýtman, “dogry saýlawy” edendiklerini mälim etdiler.

Olaryň biri: “Ýetip gelýän saýlawlar barada ençeme wagtdan bäri eşidip gelýäris. Bu gün biziň hemmämiz şadyýan halda saýlaw uçastogyna geldik. Biz saýlawlara garşy däl” diýip, olaryň biri aýtdy.

Olaryň ikinjisi bolsa şeýle diýdi: “Bize gowy, adalatly lider gerek. Biziň ýurdumyz bölünmeli däl. Biziň hemmämiz bile durmaly, jebis bolmaly. Ine şonda biziň ykdysadyýetimiz galkynyp biler. Gyrgyzystan gowy ýurt bolar we bu ýerde biziň ýaşlarymyz üçin iş ýerleri dörär”.
XS
SM
MD
LG