Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Plewneliýew Bolgariýanyň prezidenti saýlandy


Bolgariýada geçen prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýurdy dolandyrýan konserwatiw partiýanyň kandidaty Rosen Plewneliýew ýeňiş gazandy.

Bu barada premýer-ministr Boýko Borisow hem aýtdy we onuň sesleriň 54 prosentini gazanandygyny belledi.

Sosialistleriň kandidaty Iwaýli Kalfin özüniň ýeňlendigini boýun aldy.

47 ýaşly Rosen Plewneliýew häzire çenli regiony ösdürmek boýunça ministrdi. Onuň programmasyndaky iň möhüm wezipeler döwlet býujetiniň defisitini kemeltmek we biznes üçin has gowy şertleri döretmek bolup durýar.

Ol 5 ýyldan iki möhlete prezident bolan, Sosialistik partiýanyň öňki lideri Giýorgiý Pirwanowyň ýerine prezident bolar.

Bolgariýanyň täze prezidenti 2012-nji ýylyň 23 nji ýanwaryndan öz wezipesini ýerine ýetirip başlar.
XS
SM
MD
LG