Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: ýer yranmada ölenleriň sany 596-a bardy


Geçen hepde Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolan güýçli ýer yranma netijesinde ölenleriň sany 596 adama ýetdi.

Ýekşenbe güni Türkiýäniň häkimiýetleri şol ýer yranma bilen bagly gözleg işlerini togtadýandyklaryny mälim etdiler.

Resmiler öýsüz-öwzarsyz galan maşgalalara ähli kömegiň gönükdiriljekdigini aýdýarlar.

Erjişiň käbir raýonynda dükanlar täzeden açyldy we olara elektrik togy berlip başlandy.

23-nji oktýabrda Wanda güýji 7,2 bala deň ýer yranma boldy, netijede köp weýrançylyk emele geldi.
XS
SM
MD
LG