Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň ilçihanasyna edilen hüjüm köne gorkulary oýardy


Bosniýanyň resmileri Mewlid Ýasarewiçiň yslam dininiň fundamentalist “Wahhabi” akymyna eýerijidigini aýdýarlar.

Bosniýanyň resmileri Mewlid Ýasarewiçiň yslam dininiň fundamentalist “Wahhabi” akymyna eýerijidigini aýdýarlar.

Geçen hepdäniň anna güni Bosniýa-Gersogowinanyň paýtagty Saraýewodaky Amerikan ilçihanasyna garşy amala aşyrylan we “terror hüjümi” diýlip atlandyrylan hüjüm bilen baglanyşykly Balkan regionynyň syýasy we dini liderleri öz aladalaryny mälim etdiler.

30 minut töweregi awtomat ýaragy arkaly edilen bu hüjümiň yzy bilen, ilçihananyň binasy wagtlaýynça ýapyldy.

Saraýewo şäheriniň meri Aliýa Behmen bu hüjüm eden adamyň eli “Kalaşnikow” awtomatly tramwaýdan düşüp, Amerikan ilçihanasyna tarap ok atyp başlandygyny aýdýar. Maglumata görä, bu wakanyň barşynda polisiýa hüjümçiniň aýagyndan atyp, ony tussag edipdir.

Bu hüjümçiniň Serbiýanyň günortasyndaky Nowi Pazar şäheriniň 23 ýaşly ýaşaýjysy Mewlid Ýasarewiçdigi aýdylýar. Onuň eden bu hüjüminde azyndan bir polisiýa işgäriniň ýaralanandygy habar berildi.

Bosniýanyň resmileri Mewlid Ýasarewiçiň yslam dininiň fundamentalist “Wahhabi” akymyna eýerijidigini aýdýarlar. Yslamyň bu akymy Balkan regionyna 1992-1995-nji ýyllaryň Bosniýa urşunda Aljirden, Owganystandan, Kawkazdan we Ýakyn Gündogardan gelen söweşijiler tarapyndan getirilen diýlip hasaplanylýar.

Saud Arabystanda ýörgünli bolan bu dini hereket Owganystandaky we Pakistandaky dürli söweşjeň toparlaryň arasynda giňden goldanylýan dini ideologiýa bolup durýar. Emma Bosniýadaky musulmanlaryň arasynda wahhabizme eýerijiler örän az.



Wideo: Düýbi Saraýewoda ýerleşýän SensSerwis habar agentliginiň internetde ýerleşdiren wideoýazgysynda Bosniýa-Gersogowinanyň paýtagtyndaky ABŞ-nyň ilçihanasyna hüjüm eden Mewlid Ýasarewiç görkezilýär.

Bosniýa-Gersogowinanyň howpsuzlyk ministri Sadik Ahmetowiç habarçylara beren interwýusynda anna güni amala aşyrylan we “terror hüjümi” diýlip at berlen bu hüjüm boýunça häkimiýetleriň özara hyzmatdaşlykly derňew alyp barýandyklaryny aýtdy.

“Saraýewodaky ABŞ-nyň ilçihanasyna garşy amala aşyrylan bu hüjüm terror hüjümidir. Bosniýa-Gersegowinanyň häkimiýetleri bu işi derňemekde Serbiýanyň häkimiýetleri bilen bilelikde öz tagallalaryny koordinirleýärler. Men Bosniýa-Gersegowinanyň Howpsuzlyk ministrliginiň beýleki kanun goraýjy organlar bilen bilelikde bu işi gurnanlary hem-de amala aşyranlary jogapkärçilige çekmek üçin ähli mümkin bolan tagallalary etjekdigine sizi ynandyrýaryn” diýip, Sadik Ahmetowis belledi.

Ýerli resmiler bu hüjümi amala aşyran Mewlid Ýasarewiçiň Serbiýadan Bosniýanyň territoriýasyna 28-nji oktýabrda girendigini aýdýarlar. Emma onuň resmi ýollar arkalymy ýa bikanun ýollar arkaly girendigi heniz anyk bolman galýar.

Maglumata gorä, Mewlid Ýasarewiç 2005-nji ýylda Awstriýada ogurlyk etmekde ele salnyp, Serbiýa deportasiýa edilipdir. Serbiýanyň polisiýasy geçen ýyl ABŞ-nyň Serbiýadaky ilçisiniň we käbir beýleki resmileriň Nowi Pazar şäherine sapar eden wagty Mewlid Ýasarewiçiň ýanynda uly bir pyçak göterendigi üçinem polisiýa tarapyndan wagtlaýynça saklanandygyny mälim etdi.

Saraýewodaky hüjümiň yzy bilen, şenbe güni Serbiýanyň Nowi Pazar we ýene iki sany şäherinde “Wahhabi” sektasyna degişli diýlip güman edilýän azyndan 15 adam tussag astyna alyndy.

2007-nji ýylda Serbiýanyň günortasyndaky Nowi Pazar şäherinde polisiýa yslamçylar tarapyndan ýörite terrorçylary taýýarlaýan lageriň döredilýändiginiň üstüni açandygyny habar beripdi.

Şol maglumatdan soň bu şäher ýurduň häkimiýetleri tarapyndan aýratyn üns merkezine alnypdy. Bu soňky wakalar Balkan regionynda dini ekstremizmiň güýçlenmek howpy baradaky aladalara ýene-de bir gezek ünsi çekdi.
XS
SM
MD
LG