Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatdaky sekiz burç Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi


Türkmenistanyň resmi «Alty asyr» internet saýty ýakynda Aşgabatda tele diň bilen bilelikde gurlan Oguz hanyň sekiz burç ýyldyzynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigini habar berýär.

Resmi maglumata görä, bu arhitektura obýekti dünýäde iň uly ýyldyz şekilindäki arhitektura işi hökmünde rekordlar kitabyna giripdir.

Türkmenistan bilen baglanyşykly käbir görkezijiler mundan ozalam Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi.

Hususan-da, 2003-nji ýylda uzynlygy 20 metr we ini 14 metr, jemi meýdany 301 kwadrat metr ululugyndaky türkmen halysy dünýäde iň uly haly hökmünde bu kitaba girizilipdi.

2008-nji ýylda Aşgabatdaky beýikligi 133 metrlik baýdak diňi iň beýik baýdak diňi hökmünde, geçen ýyl bolsa Aşgabat şäheriniň aeroport ýolunyň ugrunda gurlan fontanlar toplumy iň uly fontan hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi.
XS
SM
MD
LG