Sepleriň elýeterliligi

ÝUNESKO Palestinany doly agzalyga kabul etdi


Şu gün ÝUNESKO guramasy Palestinanyň bu gurama doly agza hökmünde kabul edilendigini yglan etdi.

Maglumata görä, ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýasynda bu barada geçirilen ses berişlikde bu gurama agza 107 ýurt muňa razylyk sesini berip, 14 ýurt garşy ses beripdir, 52 ýurt bolsa ses bermekden saklanypdyr.

Ýakynda Palestinanyň häkimiýetleri Palestinanyň özbaşdak döwlet hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmegi barada-da bu dünýä guramasyna ýüz tutupdylar.
XS
SM
MD
LG