Sepleriň elýeterliligi

Gazak port şäherinde iki sany bomba partlamasy boldy


Şu gün Gazagystanyň howpsuzlyk resmileri ýurduň Atyrau port şäherinde iki sany bomba partlamasynyň amala aşyrylandygyny habar berdiler.

Olar bu partlamalardan biriniň janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylan diýlip hasaplanylýandygyny mälim etdiler.

Maglumata gorä, birinji partlama şäher administrasiýasynyň binasynyň golaýynda amala aşyrylypdyr we onda hiç kime zeper ýetmändir.

Ikinji partlamanyň şäher prokuraturasynyň we polisiýasynyň binalarynyň golaýynda amala aşyrylandygy we onda bir adamyň ölendigi habar berilýär.

Bu partlamanyň kim tarapyndan gurnalandygy ýa gurnalyp bilinjekdigi barada häzirlikçe hiç hili garaýyş öňe sürülmeýär.
XS
SM
MD
LG