Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Atambaýewiň ýeňiş gazanandygy görkezilýär


Gyrgyzystanda ýekşenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň deslapky netijeleri ýurduň ozalky premýer-ministri Almazbek Atambaýewiň ýeňiş gazanandygyny görkezýär.

Duşenbe güni irden Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Tuýgunaly Abdraýimow saýlawlaryň deslapky netijelerini yglan etdi.

«Atambaýew Almazbek Şarşenowiç 1 million 119 müň 76 ses aldy, bu bolsa umumy sesleriň 62,8 prosentini ybarat edýär. Şeýlelikde, deslapky netijelere görä, ol bu saýlawlarda ýeňiş gazandy diýip boljak» diýip, Abdraýimow belledi.

Gyrgyzystandaky bu prezidentlik saýlawlarynda jemi 16 sany kandidat özara bäsleşdi. Ýöne esasy bäsleşik ozalky premýer-ministr Almazbek Atambaýewiň, «Ata-Žurt» partiýasynyň lideri Kamçibek Taşiýewiň hem-de parlamentiň ozalky spikeri Adahan Madumarowyň arasynda boldy.

Saýlawlardan öň bu prezidentlik saýlawlarynda Almazbek Atambaýewiň ýeňiji bolmak üçin zerur bolan 50 prosent sese eýe boljakdygyna kän bir ynanylmandy.
XS
SM
MD
LG