Sepleriň elýeterliligi

Prezident Berdimuhamedow Orsýete sapar eder


Medwedew Berdimuhamedowyň saparynyň iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmekde uly rol oýnajakdygyny aýratyn belledi.

Medwedew Berdimuhamedowyň saparynyň iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmekde uly rol oýnajakdygyny aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen gutlap iberen hatynda Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň dekabrynda Orsýete etjek sapary barada-da agzady. Medwedew Berdimuhamedowyň saparynyň iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmekde uly rol oýnajakdygyny aýratyn belledi.

Synçylar soňky döwürde turkmen-ors gatnaşyklarynyň ýaramazlaşandygyny belleýärler. Olar munuň sebäbini Türkmenistanyň köpugurly energiýa syýasatyny yglan etmegi we ähli taraplara gaz satmaga ukyplydygyny görkezmäge synanyşmagy bilen düşündirýärler.

Häzirki wagtda türkmen gazy Hytaýa we Eýrana hem satylýar. Golaýda Türkmenistan gaz ýangyjyny Ukraina akdyrmak barada hem ylalaşyga gol çekdi. Türkmenistan üçin “Transhazar” gazgeçiriji proýektiniň gurluşygy hem möhüm meseleleriň biridir.

Orsýetli bilermen, ykdysady ylymlaryň doktory, professor Fridman Leonid Abramowiç “Transhazar” barada şeýle diýýär:

—“Transhazar” proýektiniň Orsýet üçin bähbitsiz bolmagy Orsýeti alada goýýar. Şol sebäpden hem Orsýet Hazar deňzi bilen bagly ähli problemalary çözmelidigini nygtaýar. Türkmenistan öz gazyny Orsýete, Ukraina, Hytaýa, Ýewropa, Owganystanyň üsti bilen Hindistana we Pakistana satmagy planlaşdyrýar. Emma “Transhazar” gazgeçiriji proýekti hem Türkmenistan üçin möhüm proýektleriň biridir. Bu meselänin çözgüdi Berdimuhamedowyň daşary ykdysady syýasytyny nädip gurnajakdygyna baglydyr.

Bosgunlykda döredilen oppozision “Respublika” partiýasynyň egindeş başlygy Nurmuhammet Hanamow:

—Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda çözgüdine garaşýan meseleler kän. Berdimuhamedowyň Orsýete saparynyň maksady hem şol meseleri prezident Medwedew bilen maslahatlaşmakdan ybarat bolmagy mümkin. Iki tarapy gyzyklandyrýan meseleler boýunça bir netijä gelinmegi mümkin. Emma Türkmenistanyň isleýän meseleleri çözülmez diýip, pikir edýän. Hatda gazyň bahasy barada hem bir pikire gelip bilmezler. Sebäbi Ýewropa ýurtlarynda ykdysady krizis bilen bagly gazyň bahasy pese gaçýar. Şonun üçin bu meseläni çözmek iki tarapa hem kyn düşer. “Transhazar” gazgeçiriji proýekti meselesinde hem Orsýet tarapynyň razyçylyk bermezligi mümkin. Sebäbi bu örän çylşyrymly mesele.

Geçen hepdänin sişenbe güni Türkiýe bilen Azerbaýjan Hazar regionynyň tebigy gazyny Ýewropa ýetirmek barada ylalaşyga gol çekdiler. Gelnen ylalaşyk azeri gazynyň Ýewropa ýetirilmegine ýol açýar. Muňa türkmen gazynyň hem goşulmagy mümkin. Bu bolsa Orsýetiň agzalan proýekt boýunça aladasyny has-da artdyrýar diýip, synyçlar belleýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG