Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ÝUNESKO-ny maliýeleşdirmegini togtadýar


Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas BMG-niň Baş Assambleýasynda, 2011-nji ýyl.
Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas BMG-niň Baş Assambleýasynda, 2011-nji ýyl.
Birleşen Ştatlar BMG-niň ylym, bilim we medeniýet boýunça edarasy ÝUNESKO-ny maliýeleşdirmegini togtadýar.

Döwlet departamentiň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland Amerikanyň noýabr aýynda ÝUNESKO ýollamaly 60 million dollarynyň berilmejekdigini aýtdy. Sebäbi ÝUNESKO girýän döwletleriň aglabasy Palestinany bu gurama doly agzalyga kabul etmegi goldadylar. Oňa Amerika, Germaniýa, Kanada we beýleki ýurtlar garşy ses berdiler.

Şol bir wagtyň özünde, Birleşen Ştatlaryň kanunlary Palestina awtonomiýasynyň agza bolan halkara guramalaryny Amerikanyň maliýeleşdirmegini gadagan edýär. Birleşen Ştatlar Palestinanyň halkara derejede ykrar edilmegine garşy çykyş edip, onuň garaşsyzlygynyň ýeke-täk ýolunyň Ysraýyl bilen gepleşikler geçirmekdigini nygtaýar.

Ysraýylyň ÝUNESKO-daky ilçisi Numrod Barkan öz ýurdunyň bu gurama kömegini çäklendirmäge seredýändigini habar berdi. Ol ÝUNESKO-nyň baş konferensiýasynyň kararyny ýazgardy.

Şol bir wagtyň özünde, palestinliler bu ses berişligi gowy garşyladylar. Prezident Mahmud Abbasyň geňeşçisi Sabri Saýdam bu kararyň kabul edilen gününiň “palestinliler üçin taryhy gündügini” aýtdy.

Ýakynda Palestinanyň häkimiýetleri Palestinany özbaşdak döwlet hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul etmek barada BMG-ä ýüz tutdular.
XS
SM
MD
LG