Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzyl Haç Komitetiniň delegasiýasy Aşgabada bardy


Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Türkmenistana baran delegasiýasy ýurduň ministrliklerinde we döwlet edaralarynda gepleşikler geçirdi. Delegasiýa guramanyň Regional wekilhanasynyň başlygy Iwom Arnoldi ýolbaşçylyk edýär.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, delegasiýanyň Daşary işler ministrliginde geçiren gepleşiklerinde özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek barada gürrüň edilipdir.

Duşenbe güni Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň delegasiýasy Daşary işler minsitrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda, Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetinde duşuşyklar geçirdi.
XS
SM
MD
LG