Sepleriň elýeterliligi

BMG-de Liwiýadaky ýaraglar boýunça rezolýusiýa çykaryldy


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Liwiýa barada Orsýetiň teklip eden rezolýusiýasyny biragyzdan kabul etdi. Bu rezolýusiýada Liwiýa graždanlyk konflikti wagtynda we Muammar Kaddafi häkimiýetden agdarylandan soňra ogurlanan ýaraglaryň ýaýramagynyň öňüni almaga çagyryş edilýär.

Şonuň ýaly-da, rezolýusiýada şol ýaraglaryň ekstremist toparlaryň, aýratyn hem “Al-Kaýdanyň” söweşijleriniň eline düşmeginden howatyr edilýär.

Howpsuzlyk geňeşi Tripolini himiki ýaraglaryň gorunyň ählisini ýok etmäge we munuň üçin daşary ýurtlardan spesialistleri çekmäge hem çagyrdy.

Duşenbe güni Liwiýanyň häkimiýetleri ýakyn günlerde daşary ýurtly inspektorlaryň Liwiýa geljekdigini we özleriniň ýurtda himiki ýaraglaryň saklanmagy bilen gyzyklanmaýandyklaryny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG