Sepleriň elýeterliligi

Stambulda Owganystanyň we Pakistanyň liderleri duşuşýar


Stambulda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý we Pakistanyň prezidenti Asif Zardari ýüzbe-ýüz gepleşik geçirýärler. Duşuşygy Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül gurnaýar.

Türkiýeli resmiler bu gepleşikleriň iki tarapyň gozgalaňçylaryň yzygiderli hüjümlerinde birek-biregi aýyplamagy bes etmäge kömek etjekdigine umyt bildirýärler.

Owganystanly resmiler Pakistanyň aňtaw gullugyny “Talybany” we olaryň ýarany “Hakkany toparyny” goldaýanlykda aýyplaýarlar.

Pakistan goşunynyň başlygy general Aşfak Kaýani hem owganystanly kärdeşi bilen duşuşar.
XS
SM
MD
LG