Sepleriň elýeterliligi

Türkmen Mejlisiniň ilkinji başlygy aradan çykdy


Sähet Nepesowiç Myradow

Sähet Nepesowiç Myradow

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda gowulykda ýatlanjaklaryň biri Sähet Nepesowiç Myradow bolsa gerek. Ol Saparmyrat Nyýazow döwrüniň iň ýokary derejeli liderlerinden biri bolsa-da, nyýazowçylaryň urdum-şalyk hereketini gaýtalamadyk, sada hem ýönekeý adam hökmünde köpçülige özüni tanadyp bildi.

Sähet Nepesowiç Myradow ömrüniň ýarysyndan gowragyny, has takygy 45 ýylyny resmi wezipelerde geçirdi.

Sähet Nepesowiç Myradow ýaşlykda gowy bilim almagy başarypdyr. Soňra tehniki ylymlaryň kandidaty we doktory boldy. Professor derejesini aldy. Ol 1965-nji ýyldan Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi komitetinde işe başlap, şondan köp wagt geçmän, Türkmen Döwlet Uniwersitetine rektor bolup geldi.

1971-nji ýylda men uniwersiti gutaranymda, ilkinji gezek ony öz kabinetinde gördüm. Rektoryň kabinetinde ýörite komissiýa jemlenip, uniwersitetiň uçurymlaryny işe ýollaýardylar. Meniň elimde “Sowet edebiýaty” žurnalyna işe çagyrylýandygym baradaky resmi hat bardy. Şonda Sähet Nepesowiç: “Ol nähili žurnal?” diýip sorady. Düşündirenlerinden soň barmagyny çommaldyp: “Hä, şol gyrasy keşdeli žurnalmy?” diýdi. Men şonda onuň beýle žurnaly eline alyp görmedigini bildim.

Munuň tersine, onuň aýaly Sona Myradowa ýurduň belli dilçilerinden biridi. Sona daýza filologiýa ylymlarynyň kandidatydy, Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynyň leksikografiýa bölüminde işleýärdi. Halyçylyk we haly işleri boýunça örän oňat sözlük ýazdy. Sona daýza bu institutyň taýýarlan ähli sözlüklerine gatnaşypdy. Haly senedi hem el işleri, şeýle-de rus dili babatynda düýpli düşünjesi bolan alymdy.

Sähet Nepesowiç Myradowyň ugry fizika hem tehnika bilen baglanyşykly bolup, ol 10 ýyl çemesi TDU-da ýolbaşçylyk etdi. Soňra täze döredilen Ýokary okuw we ýörite bilim jaýlary ministri wezipesine bellendi. Entek deputatlyk derejesine saýlanmanka, Türkmenistanyň Politehniki institutynyň rektorydy.

1990-njy ýylda Türkmenistanyň Ýokary Sowetine deputatlyga saýlanandan soň, parlamentiň, 1995-nji ýyldan Mejlisiň başlygy boldy. Şeýlelikde, Sähet Nepesowiç Myradow Garaşsyz Türkmenistanyň Mejlisiniň ilkinji başlygy hökmünde taryha girdi.

Ol S. Nyýazowyň şahsyýet kultunyň döremegine hem ösmegine ýakyndan şaýat boldy. Şol wagtky prezidentiň metbugat sekretary Durdymyhammet Gurbanow tarapyndan alyp göterilen “Türkmenbaşy” diýen lakamy resmileşdiren hut Sähet Myradow bolupdy. S. Nyýazow daşary ýurtdan bir sapardan geleninde, Myradow eline türkmen pasporyny alyp, onuň öňünden çykypdy: “Hormatly prezidentimiz, Türkmenistanyň Mejlisi size ‘Türkmenbaşy’ diýen resmi ady berýär” diýip, elindäki pastorty hut şol ýerde oňa gowşurypdy. Hamana, S. Nyýazow ýurtda ýok wagty Mejlisiň agzalary şeýle karara gelen şekilde hereket edipdi.

(öňki hatarda sagdan çepe) Sähet Myradow, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy; Saparmyrat Nyýazow, Türkmenistanyň prezidenti; Abat Ryzaýewa, bilim ministri; (arka hatarda sagdan çepe) Aleksandr Žadan, Prezident diwanynyň hojalyk müdüri; Wiktor Hramow, prezidentiň kömekçisi; Joraguly Babakulyýew, wise-premýer; Boris Şyhmyradow, daşary işler ministri; Rejep Saparow, Prezident diwanynyň başlygy; Orazgeldi Aýdogdyýew, wise-premýer; Ýagmyr Öwezow, wise-premýer; Waleriý Otçertsow, wise-premýer. Surat 1994-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat şäherinde düşürilen.

Şol bir wagtyň özünde Sähet Nepesowiç Myradow ýaranjaňlaryň hataryna garanyňda, sadalaryň hatarynda has köpräk ýatlanýardy. Açgözlük, para-peşgeş meselelerinde onuň ady çykmaýardy. Şeýle hem S. Nyýazowyň gijelerine Pöwrizede – Arçabilde gurýan şowhun-şagalaňlarayna “Sähet Myradow gatnaşmaýar” diýilýärdi.

90-njy ýyllaryň ortalaryndan Aşgabatda ýokary wezipeliler özlerinde aýratyn jaý gurup başladylar. Ýöne hiç kim: “Sähet Nepesowiç Myradow özüne jaý gurunýar” diýmedi. Ol halk deňinde ýaşamagy başardy. Ýöne munuň özi S.N. Myradowyň halk bilen biledigini aňlatmaýardy. 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda prezident S. Nyýazow parlament agzalarynyň sanyny 50 deputata getirdi. S. Myradow munuň bilen gep-gürrüňsiz ylalaşdy. S. Nyýazow “Halk maslahaty” diýilýäniniň hukuklaryny çäksiz artdyrdy hem bar hukugy öz elinde jemledi. S. Myradow bu meselede hem sesini çykarmady. Gaýtam S. Nyýazowyň döşünden “Altyn Aý” ordenini we beýleki medllary dakdy. S. Nyýazowyň adynyň dürli ýerlere dakylmagy baradaky permanlara we S. Nyýazowa berilýän mülklere Mejlisiň adyndan resmileşdirip gol çekýärdi. Syýasatda hem ykdysadyýetde ýol berilýän gödek ýalňyşlar barada hiç bir tankydy bellik aýtmaýardy.

1972-nji ýylda uniwersitetiň rektory wagtynda S. N. Myradowyň elinden gyzyl diplom alan žurnalist we radio işgäri Nazar Hudaýberdi ol ýaşulyny şeýle ýatlady:

—Men ony iki pursatda ýatlaýan. Ilki mugallymymyz hökmünde 1972-nji ýylda uniwersitetiň Aktlar zalynda ol maňa gyzyl diplom gowşurdy. Soňra 90-njy ýyllaryň ahyrynda S.N. Myradow Mejlisiň başlygy wagtynda S. Nyýazowyň öňünden ýöräp, prezidentiň ýoluna bägül ýapraklaryny sepeläp, tans edip gelýänini gördüm. Şol wideoýazgy Azatlyk Radiosynyň arhiwinde häzirem bar.

Şol bir wagtyň özünde S. Myradowda garyndaşparazlyk bolmady, ol öz toparyny döretmedi. Baýlyga kowalaşmady. Hiç kim: “Men Sähet Nepesowiçiň garyndaşydyryn” diýip, wezipä daýanyp hereket etmedi. S. Nyýazowyň hapa syýasaty zamanynda, bikanun baýamaga ummasyz köp şert döredilende, bir özi sada ýaşamagy saýlady. Ol beýleki resmilerden tapawutlylykda, özüniň wezipeden boşadylmagyny, pensiýa ugradylmagyny haýyş edip, prezidente arza berip bildi. Şol döwürde S. Nyýazowyň töweregindäkilerden hiç biri özüniň wezipeden çekilmegi barada meýletin arza berip bilmändi, bu hakda gürrüňem bolmandy. S. Nyýazow onuň arzasyny entek kabul etmejekdigini aýtsa-da, ol 2001-nji ýyldan pensiýa çykdy.

Sähet Nepesowiç Myradow ynsanlyk häsiýetini goramaga çalyşdy hem syýasatçynyň ugurtapyjylygyny ulanyp, her bir meseleden gury çykmagy başardy. Ahyrynda uzak ýaşap, öz öýünde, öz ajalyna jan berdi. Onda ynsanlyk güýçlümidi ýa-da syýasatçynyň ugurtapyjylygy? Indi onuň ömri hem hyzmaty taryhyň hak terezisine goýlar.

Hudaýberdi Hally ýazyjy we publisist. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG