Sepleriň elýeterliligi

Siriýaly aktiwist Razan Zeýtone: “Rewolýusiýanyň ýeňjegine şübhämiz ýok”


Razan Zeýtone

Razan Zeýtone

Soňky döwürlerde ençeme arap ýurtlarynda hökümete garşy gozgalaňlar bolup geçýär. Liwiýada, Müsürde we Tunisde hökümet ýolbaşçylary agdarylyp, olaryň orunlaryna täze liderler bellendiler.

Şeýle gozgalaňlar we halk hereketleri bolup geçýän ýurtlardan biri hem Siriýadyr. Emma Siriýada prezident Başar al-Assad häkimiýet başynda galmak üçin mümkin bolan ähli güýçlerden peýdalanýar. Bu gozgalaňlaryň başlanyna indi 7 aý boldy. Howpsuzlyk güýçleriniň protestçileriň çykyşlaryny basyp ýatyrmak üçin ulanýan çäreleri zerarly bu yurtda şu güne çenli azyndan 3 müň adamyň heläk bolanlygy çak edilýär.

Emma, muňa garamazdan, aktiwistler protestlerden ýüz öwürmeýärler. Şeýle aktiwistlerden biri hem Razan Zeýtonedir. Ol basyşlar sebäpli öz işlerini gizlinlikde alyp barýanlygyny aýdýar. Aktiwist hökmünde alyp barýan işleri üçin hanym Zeýton ýakynda Ýewropa Parlamentiniň pikir azatlygy boýunça Saharow adyndaky baýragyna hem mynasyp boldy.

Azatlyk Radiosy ýakynda hanym Razan Zeýtone bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siriýadaky soňky ýagdaýlar barada gürrüň beräýseňiz?

Zeýtone: Ýagdaýlar gün saýyn ýaramazlaşýar. Häzirki döwürde her gün öldürilýänleriň sany ortaça aýdylanda 20 adama barabardyr. Harbylar ençeme obadyr şäherleri öz gabawynda saklaýarlar. Howpsuzlyk güýçleri her gün diýen ýaly ýüzlerçe öýlere girip, ýüzlerçe adamy tussag edýärler. Gynamalar sebäpli aradan çykýan tussaglaryň sany hem gün saýyn artýar.
Köçelerde zamun alynýan we öldürilýän adamlaryň sany hem barha köpelýär. Bu ýagdaýa esasanam Homs şäherinde köp duş gelinýär. Emma, şeýle ýagdaýlara garamazdan, protestler dowam edýär.

Her gün ýurduň, bir bolmasa, beýleki etrabynda ýa şäherinde protest gurnalýar. Howpsuzlyk şertlerine görä, şol protestleriň gerimi we sany käbir ýerlerde köpräk bolsa, beýleki ýerlerde azrak.

Azatlyk Radiosy: Siriýada dowam edýän dartgynlyga halkara jemgyýetçiliginiň şu güne çenli görkezen reaksiýasy barada siz näme aýtmakçy?

Zeýtone: Men şu güne çenli Siriýaniň hökümeti tarapyndan ilatyna garşy dowam etdirilýän basyşlar we diýdimzorluk bilen baglanyşykly halkara jemgyýetçiligi çynlakay alada edenok diýip, hasap edýärin. Sebäbi şu dartgynlygyň başlanyna 7 aý boldy, emma şu wagta çenli BMG Siriýanyň režimini ýazgaryp rezolýusiýa hem kabul edip bilmän gelýär. Men halkara jemgyýetçiliginiň bu ugurda etmeli işi gaty kän diýip, pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine Siriýa bilen bagly teklip edilen rezolýusiýa Orsýet bilen Hytaýyň garşy çykmagynyň sebäbi näme bolup biler?

Zeýtone: Elbetde, Orsýet bilen Hytaý öz ýurtlarynda hem demokratik prinsiplere o diýen üns berýän ýurtlar däl. Onsoň olar şeýle meseleler bilen bagly beýleki ýurtlarda bolup geçýän wakalar bilen hem gyzyklanmaýarlar. Şol ýurtlaryň bu baradaky pozisiýalary olaryň Günbatar ýurtlary babatdaky bähbitlerinden we aragatnaşyklaryndan, şeýle-de Siriýaniň režimi bilen bagly bähbitlerinden ugur alýar.

Meniň pikirimçe, olar ýalňyşýarlar. Orsýet bilen Hytaýy bu režimiň bir gün bolmasa, beýleki gün häkimiýetden gitjekdigine we Siriýanyň ilatynyň bolsa şol ýurtda mydama galjakdygyna göz ýetirmeli. Şeýlelikde olar Siriýanyň ilatyny ýatdan çykaryp, režimden peýdalanmaly däl. Eger olar öz bähbitleri bilen gyzyklanýan bolsalar, geljekde şol bähbitleriň Siriýanyň ilaty bilen bagly boljakdygyny bilmeli. Sebäbi režim bu gün bolmasa, ertir häkimiýet başyndan agdarylar.

Azatlyk Radiosy: Hanym Zeýtone, häzirki döwürde halkara jemgyýetçiliginiň Siriýada birinji nobatdaky etmeli işi nämelerden ybarat?

Zeýtone: Elbetde, ilkibaşda Siriýanyň ilatynyň goralmagy zerur. Emma halkara jemgyýetçiliginiň etmeli işi diňe ýekeje bir ädimden ybarat däl. Şol bir wagtyň özünde-de biz bu rewolýusiýanyň ýaraglandyrylmagyny islemeýäris, sebäbi biz onuň parahatçylykly ýagdaýda alnyp barylmagynyň tarapdary. Alternatiw çözgütleriň bolmagy, elbetde, bu rewolýusiýanyň parahatçylykda amala aşyrylmagyna kömek eder.

Meniň pikirimçe, Siriýanyň oppozision toparlary bilen halkara jemgyýetçiligi ýurduň ilatynyň goralmagy hem-de bu režimiň soňuna çykmak üçin alternatiw çözgütleri tapmak barada hyzmatdaşlyk edip, ýol kartasyny düzmeli. Bu çäre ençeme ädimden ybarat bolup biler, onuň uzak möhletli plan bolmagy hem mümkin, emma nämedir bir zatlar hökmän edilmeli.

Azatlyk Radiosy: Siz Siriýanyň režiminiň halka garşy dowam etdirýän bu basyşlarynda Eýranyň roly hakda näme pikir edýärsiňiz?

Zeýtone: Men syýasatçy däl, şonuň üçin men ýagdaýa syýasy taýdan syn berip biljek däl. Biz Siriýanyň tehniki taýdan, meselem, aragatnaşyk we internete gözegçilik etmek ýaly ugurlardan Eýrandan kömek alanlygyny bilýäris.

Azatlyk Radiosy: Düýbi Britaniýada ýerleşýän RAW atly gurama tarapyndan size ýakynda Anna Politkowoskaýa adyndaky baýrak berildi, siz bu barada näme aýdyp biljek?

Zeýtone: Meniň pikirimçe, bu Siriýanyň ilatyna we rewolýusiýa berlen baýrakdyr. Bu demokratiýa we hak-hukuklary üçin 7 aýdan bäri parahatçylykly ýagdaýda göreşýän ýurduň raýatlaryndan birine, ýagny maňa berildi. Bu biziň üçin ulakan zat. Esasanam bu Anna ýaly aktiwistiň adyny göterýän baýrak. Ol adam hukuklary we hakykatyň simwolydyr. Orsýetiň biziň ilatymyzy basyp yatyrmaga dyrjaşýan režimimizi goldaýan häzirki pursatynda orsýetli žurnalitiň adyny göterýän bu baýragyň berilmeginiň ähmiýeti juda uly.

Azatlyk Radiosy: Siz näme üçin gizlenmek kararyna geldiňiz? Siz janyňyza howp abanýar diýip, pikir edýärsiňizmi?

Zeýtone: Ýolbaşçylar köpçülikleýin habar serişdelerine interwýu berýän we bu protestler barada maglumat ýaýradýan hem-de köçelerde alnyp barylýan hereketlere dahyly bolan aktiwistleriň ählisini tussag edip başlady. Onsoň biz, ýagny aktiwistler, tussag edilmek bilen alyp barýan işlerimizi gizlinlikde dowam etdirmekligiň arasynda haýsydyr bir ýoly saýlamaly bolduk. Elbetde, gizlenmegimize garamazdan, Siriýada häzirki döwürde adamlar özlerini arkaýyn düýanoklar.

Kürt ýolbaşçysy Maşal Tammonyň janyna kast edilmeginden we beýleki tanymal syýasatçy Riýad Seýfiniň köçede ýenjilmeginden soňra, adamlar islendik pursatda özleriniň tussag edilmek howpy bilen ýaşaýarlar. Men özüne garşy çykýan adamlary gorkuzmak üçin, Siriýanyň hökümeti olary ýençmek ýoluny strategiýa hökmünde saýlap aldy diýip, pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Siz iň soňunda protestçileriň ýeňiş gazanyp, prezident Başar al-Assad häkimiýet başyndan çetleşdiriler öýdüp, pikir edýärsiňizmi?

Zeýtone: Rewolýusiýanyň we protestleriň ýeňiş gazanjagyna hiç hili şübhämiz ýok. Biz häzirki režim tarapyndan ýola goýlan şu ýowuz çärelere uzak wagtlap çydam edip bilmeris. Biz halkymyza garşy amala aşyrylýan bu jenaýatlara çydap bilmeris. Men Siriýanyň ýaşaýjylarynyň ählisi bu rewolýusiýanyň ýeňiş bilen tamamlanjagyna ynanýar diýip, pikir edýärin.
XS
SM
MD
LG