Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowyň haly baradaky kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy


Duşenbe güni Aşgabatdaky Milli haly muzeýinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň halyçylyk sungaty barada ýazan kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

“Janly rowaýat” atly bu kitap ýakynda türkmen, rus we iňlis dillerinde bir wagtda çapdan çykypdy.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlap umumy meýdany 378 kwadrat metrlik halyny dokan halyçylara prezident Berdimuhamedowyň adyndan sylaglaryň-da gowşurylandygy habar berilýär.

Bu gürrüňi edilýän haly 2003-nji ýylda “Ginnesiň rekordlar kitabyna” giren ozalky türkmen halysyndan-da uly hasaplanylýar. Ozalky halynyň ululygy 301 kwadrat metrdi.
XS
SM
MD
LG