Sepleriň elýeterliligi

Gazagystandaky partlamalary aşa yslamçy topar amala aşyrypdyr


Şu gün “Katiba Jund al-Halifat” atly ekstremistik yslamçy topar Gazagystanda düýnki amala aşyrylan iki partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Bu topar şu gün bu barada “kawkazcenter” internet saýtynda ýörite beýanat ýaýratdy. Onda partlamalardan biriniň janyndan geçen bir adam tarapyndan amala aşyrylandygy ret edilýär we ol adamyň tötänleýin bomba partlamagy netijesinde ölendigi aýdylýar.

Bu ekstremistik topar özüniň bu hüjümini Gazagystanyň hökümetiniň ýakynda dini guramalaryň işini çäklendiriji täze kanuny kabul etmegine garşy duýduryş hökmünde amala aşyrandygyny mälim edipdir.

Düýn Gazagystanyň howpsuzlyk resmileri ýurduň Atyrau port şäherinde iki sany bomba partlamasynyň amala aşyrylandygyny habar beripdiler. Partlamalardan birinde bir adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG