Sepleriň elýeterliligi

Atambaýew “Manasdaky” amerikan harby bazasynyň ýapylmalydygyny aýdýar


Gyrgyzystanda ýekşenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiji diýlip yglan edilen Almazbek Atambaýew bu ýurtdaky amerikan harby bazasynyň ýapylmalydygyny aýdyp çykyş etdi.

Hususan-da, ol düýnki eden çykyşynda Gyrgyzystandaky amerikan harby bazasynyň Gyrgyzystana garşy ar alyjylykly hüjüm edilmek howpuny artdyrýandygyny aýdyp, bu harby bazanyň 2014-nji ýyla çenli ýapylmalydygyny belledi. Emma Atambaýew Gyrgyzystandaky Orsýetiň harby bazasy barada welin gürrüň gozgamady.

Gyrgyzystanda ýekşenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň deslapky netijelerine görä, ýurduň ozalky premýer-ministri Almazbek Atambaýew 60 prosentden gowrak ses alyp, ýeňiji boldy diýlip hasaplanylýar. Ses sanawlarynyň gutarnykly netijesi ýakyn günlerde yglan ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG