Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: NTV çeçen polisiýasy baradaky filmi efirden aýyrdy


Şu gün Orsýetiň NTV telekanalynyň resmileri geçen ýekşenbe güni Çeçenistanyň polisiýasynyň eden-etdilikleri barada gürrüň berýän filmiň efirden aýrylandygyny boýun aldylar.

Bu dokumental filmde Çeçenistanyň raýaty Yslam Umarpaşaýew özüniň polisiýa işgärleri tarapyndan alnyp gaçylyşy we başdan geçiren agyr kynçylyklary barada gürrüň berýär.

Ýekşenbe güni agşam bu film Orsýetiň Uzak Gündogar regionynda efire gitdi. Emma film Orsýetiň merkezi regionlarynda görkezilmänkä, ol efir programmasyndan aýryldy.

“Gazprom” kompaniýasynyň eýeçiligindäki bu NTV telekanalynyň metbugat sekretary bu ýagdaýy filmdäki käbir faktlary anyklamak üçin telekanalyň ýolbaşçylarynyň gelen karary hökmünde häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG