Sepleriň elýeterliligi

Gyzyl Haç türkmen türmeleriniň gapysyny kakýar


Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň direktory Iw Arnoldiniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerine we pudak edaralaryna baryp, duşuşyk geçirdi.

10-16-njy iýul aralygynda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň delegasiýasy Aşgabada sapar edipdi. Şonda metbugatda “Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň delegasiýasy Içeri işler ministrliginiň düzümine girýän edara hem sapar edip, ol ýerde saklanýanlaryň ýagdaýy bilen tanyşdy” diýlip, habar berlipdi.

Daşkentde ýerleşýän Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň regional bölüminiň wekili Aýgul Şetikulina Gyzyl Haç guramasynyň delegasiýasynyň Aşgabada edýän saparynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen bagly amala aşyrylýandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy. Şeýle hem ol şu ýylyň iýul aýynda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň delegasiýasynyň Türkmenistanyň Içeri işler ministirliginiň düzümine girýän edara hem sapar edip, ol ýerde saklanýanlaryň ýagdaýy bilen tanyşandygyny tassyklady:

—Biz türkmen häkimiýetleri bilen ýurduň penitensiar sistemasy boýunça hyzmatdaşlyk meselesi boýunça birnäçe ýyl bäri gepleşik geçirip gelýäris. Şol hyzmatadaşlygyň çäginde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň delegasiýasy şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzümine girýän edara baryp, ol ýerdäki ýagdaý bilen tanyşdy. Bu sapar özboluşly synag sapary boldy. Biz bu meselede türkmen tarapy bilen geçirýän dialogymyzy dowam edip, penitensiar sistema boýunça hyzmatdaşlyk babatdaky ylalaşyga gol çekeris. Netijede ýurduň hemme penitensiar edaralaryna baryp bileris diýip, umyt edýäris.

Türmelerdäki ýagdaý

Türkmenistanyň türmelerindäki ýagdaý barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Demokratiýa, adam hukuklary we zähmet býurosynyň 2010-njy ýylda adam hukuklarynyň amala aşyrylyşy barada şu ýylyň aprel aýynda ýaýradan hasabatynda türmelerde dürli keselleriň, aýratyn-da inçekeseliň möwç urýandygy bellenilýär.

“Türmeler hapa (antisanitar ýagdaýda), hyryn-dykyn we saglyk üçin howpludy. Umumy düzgünli LBK-12 lageri ýaly, käbir türmeler şeýle bir ýerde ýerleşýärler welin, tussaglar tomusda ýakyp-ýandyryp barýan jöwza, gyşda bolsa doňduryp barýan aýaz ýaly ýowuz howa şertlerine sezewar bolýarlar. Tussaglara hem türme işgärleriniň, hem beýleki tussaglaryň azar berýändikleri barada habarlar gelip gowuşýardy” diýlip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 2010-njy ýylda boýunça hasabatynda bellenilýär.

Türkmen türmelerinde saklanýanlaryň iýmitlendirilmegi barada bu hasabatda şeýle diýilýär: “Türme nahary ýokumsyzdy, şol sebäpden tussaglaryň köpüsi açlyk çekýärdi. Ýokumsyz iýmitiň üstüni ýetirmek üçin, tussaglar garyndaşlarynyň getirýän azyk-owkadyna mätäçdiler. Käbir tussaglaryň garyndaşlary we özleri türme işgärleriniň getirilen zatlary tussaglara bermän, ellerinden alýan wagtlarynyň bolýandygyny habar berdiler”.

Türkmen türmelerinde adam hukuklarynyň berjaý edilmegine halkara guramalarynyň gözegçilik edip bilmegi üçin, olaryň wekilleriniň türmelere barmagy ugrunda halkara jemgyýetçiligi köp tagalla edýär. Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga henize çenli gol goýman gelýär. Onuň esasy sebäbi – Türkmenistanda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýyň ýaramaz bolmagydyr. ÝB Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek üçin ýörite mehanizmiň işlenip düzülmegini talap edýär.

“Şert goýdy”

2010-njy ýylyň fewralynda “Türkmenistanyň garaşsyz aklawçylar assosiasiýasy” bilen bilelikde Türkmenistanyň türmeleriniň ýagdaýy boýunça ilkinji hasabaty taýýarlan “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin iki ýyl mundan ozal BMG-de adam hukuklarynyň berjaý edilmegine bagyşlanyp, ýörite duşuşyklaryň geçirilendigini AÝ/AR-e gürrüň berdi:

—Ženewada geçirilen şol duşuşyga türkmen delegasiýasy hem gatnaşdy. Şonda BMG türkmen tarapyna Gyzyl Haç guramasynyň agzalaryna türkmen türmelerine barmaga rugsat etmegi maslahat berdi. Türkmen tarapy şol rekomendasiýany kabul etdi, ýöne ony dürli şertler bilen kabul etdi.

Şeýle hem Farid Tuhbatullin ýakyn geljekde türkmen türmeleriniň gapylarynyň adam hukuklary boýunça ýa-da ynsanperwerlik işleri bilen meşgullanýan dürli halkara guramalarynyň wekilleri üçin açyk bolmagyna kän bir ynanmaýandygyny aýtdy:

—Türkmen häkimiýetleri diňe türmelerdäki ýagdaý bilen bagly däl-de, umuman ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilmegi bilen bagly meselede halkara jemgyýetçiliginiň rekomendasiýalaryny berjaý etmezlige çalyşýarlar. Sebäbi türkmen häkimiýetleri bir meselede eglişik etse, onda başga meseleler ýüze çykar. Köp özgerişlikler edilmeli bolsa welin, režime howp abanyp biler. Şonuň üçin häkimiýetler häzirki ýagdaýy saklap, ony özgerdesleri gelmeýär.

Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň delegasiýasynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleriniň geňeşilendigi habar berildi. Bu duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Adam hukuklary we halkara gumanitar hukugy ulgamyndaky halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça Pudagara komissiýasynyň işiniň ähmiýeti barada gürrüň edilip, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Türkmenistan bilen bu ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga isleg bildirendigi barada ýerli metbugatda habar berildi.
XS
SM
MD
LG